Ï Ýazky at çapyşygynyň üçünji güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky at çapyşygynyň üçünji güni

view-icon 794
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşygynyň üçünji güni geçirildi. 1200 metr aralyga geçirilen ilkinji at çapyşygynda bu aralygy 1 minut 21,7 sekuntda geçmegi başaran Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dessan diýen dor at (çapyksuwary B.Agamyradow) birinji bolup geldi.

Ikinji at çapyşygy hem 1200 metr aralyga geçirilip, oňa dördünji topara degişli bolan üç ýaşar atlaryň 10-sy atnaşdy. Bu at çapyşygynda birinji orna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumynyň Ýeňişgül atly dor bedewi pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy 1 minut 24,4 sekuntda geçdi (çapyksuwary R.Abdyýew).

Üçünji at çapyşygynda dördünji topara degişli bolan üç ýaşar bedewleriň dokuzsy 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Bu at çapyşygynda Aşgabadyň “Dostluk” söwda öýüne degişli bolan Garadag atly gara at (çapyksuwary T.Taýlyýew) bir minut 20,4 sekunt bilen birinji orny eýelemegi başardy.

Dördünji topara degişli bolan üç ýaşar bedewleriň onusynyň arasynda 1400 metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynda Mätiýewiň hojalygyna degişli bolan we E.Babalyýewiň çapan Gyzylgaplaň atly dor bedewi (1 minut 38,0 sekunt) birinji bolup pellehanadan eçdi.


1400 metr aralyga geçirilen bäşinji at çapyşygy dördünji topara degişli bolan üç ýaşar bedewleriň onusynyň arasynda geçirildi. Bu at çapyşygynda B.Kekliýewiň hojalygyna degişli bolan Akýusup atly mele at, çapyksuwary B.Amansähedow, birinji orny eýeledi. Ol bu aralygy 1 minut 39,4 sekuntda geçdi.

Altynjy at çapyşygy 1600 metr aralyga geçirilip, oňa üçnji topara degişli atlaryň 10-sy gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli bolan Serkerde atly dor bedew (çapykduwary G.Agamyradow) bu aralygy 1 minut 53,2 sekuntda geçip, birinji bolup pelelhana geldi.

Ýedinji at çapyşygy 1600 metr aralyga geçirildi. Oňa üçünji topara degişli bolan üç ýaşar bedewleriň 10-sy gatnaşdy. Bu gezekki at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meledepel atly dor bedew (çapyksuwary T.Babaýew) bu arlaygy 1 minut 52,3 sekunda geçip, birinji orny eýeledi.

1600 metr aralyga geçirilen sekizinji at çapyşygynda üçünji toparyň atlarynyň onusy bäsleşdi. Bu aralygy 1 minut 53,6 sekuntda geçen Türkmenistanyň Baş prokraturasyna deişli bolan Gyrgaplaň atly garamtyl bedew (Çapyksuwary Y.Saparow) pellehana birinji bolup geldi.

Dokuzynjy at çapyşygynda dört we ondan hem uly ýaşly bedewleriň sekisi bäsleşdi. 2000 metr aralyga geçerilen bu at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Angar atly dor bedew (çapyksuwary B.Mämmedow) bu aralygy 2 minut 24,0 sekuntda geçip, birinji bolup gelmegi başardy.

2000 metr aralyga geçirilen iň soňky at çapyşygyna dört we ondan hem uly ýaşly bedewleriň 9-sy özara bäsleşdiler. Bu at çapyşygynda 2 minut 24,0 sekunt wagt görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gündogar atly dor bedewi (çapyksuwary A.Agalyýew) pellehana birinji bolup geldi.