Köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň ýarym ýoly geçildi we bu çäre türkmen sport söýüjilerine diňe bir şatlyk paýlamak bilen çäklenmän, eýsem öz oňyn netijelerini hem berýär. Türkmen türgenleri ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Gresiýanyň Fessaloniki şäherinde tamamlanan grek-rim göreşi boýunça halkara ýaryşynda altyn medallaryň ikisine hem-de kümüş medallaryň ikisine mynasyp boldular.
Ol halkara ýaryşlaryna biziň ýurdumyzyň bu ugur boýunça iň güýçli türgenleriniň 7-si gatnaşdy. Ýetginjekleriň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde U.Durdyýew altyn medala, 60 kilograma çenli agram derejesinde A.Jumaýew kümüş medala mynasyp boldular. Ýaşlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ş.Amangulyýew altyn medala we 54 kilogram agram derejesinde çykyş eden G.Myradow kümüş medala eýe boldular.
Bu aý köpçülikleýin sport we bedenterbiýe sagaldyş hereketlerinden başga-da ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine dahyly bolan möhüm işewür wakalara beslenýär.
Habar berlişi ýaly, 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Baş sekretarynyň ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport baradaky ýörite geňeşçisi jenap Wilfrit Lemkeni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugrunda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýörite geňeşçi Türkmenistnda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän sportuň wagyz edilmegi we ösdürilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy boýunça maksatnamalaýyn çärelere ýokary baha berdi.
Şol gün jenap W.Lemke Aziadanyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň birnäçe desgalaryna baryp gördi we sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň işi bilen tanyşdy hem-de öz ygtyýarynda halkara ülňüleriniň ähli talaplary göz öňünde tutulup gurlan şunuň ýaly häzirkizaman sport desgalary bolan türkmen türgenleri hökmany suratda ýokary netijeleri gazanarlar diýip belledi.
Şu gün Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt mekdebinde Türkmenistanyň ýokary liga girýän erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça çempionatynyň ýeňijileri kesgitlendi. Küşt ýaryşlary on günläp dowam etdi. Ýaryşlaryň netijesi boýunça sportuň bu görnüşinde öňdebaryjy orunlary eýeleýän ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy aýdyň göründi.
Şeýlelikde, zenanlaryň toparynda çempionatyň tutuş dowamynda sport ussatlygyna dalaşgär 15 ýaşly, aşgabatly Jemal Öwezdurdyýewa öňdeligi eýeledi. Ol ýaryşyň onunjy tapgyryna çenli dokuz döwden soň dokuz ýeňiş gazandy. Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ş.Myratgulyýewiň tälimini alan küştçi onunjy döwde bir ýalňyş goýberip, FIDE-niň ussady, aşgabatly küştçi 26 ýaşly Bahar Hallaýewadan ýeňildi. Şeýlelikde B.Hallaýewa ýaryşyň altyn medalana mynasyp boldy.
Üçünji baýrakly orun ugrunda her biri 11,5 utuk toplan iki türgen bäsleşdi. Olar sport ussatlygyna dalaşgärler maryly Merjen Ýalkanowa we aşgabatly Hurma Weliewa. Şeýlele ýagdaýda eminler sporta bolan gatnaşyklaryň derejesini hasaba almak arkaly M.Ýalkanowanyň bürünç medala mynasyp bolandygyny yglan etdiler.
Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda hem şol dereje hasaba almak arkaly ýeňiji kesgitlendi. Bu toparda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan halkara derejeli ussat Silap Semiýew we aşgabatly sport ussady Saparymyrat Atabaýew öňe saýlandylar. Bäsleşikleriň dowamynda olaryň her biri 13 utuk toplady. Şeýlelikde, dereje gatnaşygy boýunça Lebap welaýatynyň toparynyň wekili ýeňiji boldy. Ýeri gelende aýtsak, Lebap welaýatynyň ýokary ligada oýnaýan küştçüler topary Türkmenistanyň çempionatynda 50 ýylyň dowamynda ýokary basgançaga galmandy.
Ýaryşda 11,5 oçko toplan halkara derejeli ussat Amanmyrat Kakageldiýew bürünç medaly eýeledi. 15 ýaşly, aşgabatly birinji derejeli küştçü Hajygurban Döwletowyň dördünji orna düşmegi hem guwançly ýagdaýdyr. Ol ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine dalaş edýänleriň biridir. Hajymyradyň bu gezekki gazanan netijesi oňa sport ussatlygyna dalaşgäriň hukugyny üpjün etdi.
Milli ýygyndy bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň küşt boýunça erkekler we zenanlar toparlarynyň şu ýylyň awgust aýynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görýändigini bellemeli. Şu ýylyň 2-14-nji maýy aralygynda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçiriljek iri halkara ýaryşyna gatnaşmagy türkmenistanlylaryň esasy ýaryşlara görýän taýýarlygynyň tapgyryna öwrüler.
17-nji aprelde ITF görnüşinde söweş sungatynyň taekwondo göreşi boýunça ussatlarymyz 10 türgeniň we 2 tälimçiniň düzüminde Nepalyň paýtagty Katmanduwa giderler. Ol ýerde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda Aziýa çempionaty bolar. Biziň türgenlerimiz ýetginjekler we ulular toparlaryna gatnaşarlar. Ýaryşda dört ugurlar boýunça şahsy, toparlaýyn bäsleşikler, şeýle hem şahsy we toparlaýyn bäsleşikler toplumlaýyn görnüşlerde bolar.
Aşgabatdaky “Galkynyş” sport toplumynda penşenbe güni uşu boýunça Türkmenpistanyň çempionatyna badalga berler. Oňa ýetginjekler we ulular toparlary gatnaşarlar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinden paýtagtymyza gelen türgenler ýekelikde we toplumlaýyn esasda çempion derejesi ugrunda bäsleşerler.
Daşoguz welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň kýökuşunkaý – karate boýunça çempionaty tamamlandy. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we Aşgabatdan gelen türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy.
Çempionatyň barşynda alty birinji orny eýelän daşoguzly türgenler ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Bäsleşiklerde I.Kakaýew, R.Ermekow, Y.Seýitnazarow, O.Myradow, R.Ýoldaşow we B.Mätýakubow ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň altyn medalyna maryly türgen D.Gylyçdurdyýew mynasyp boldy.
Zenanlar toparynda baýraklar ugrundaky bäsleşikler iki agram derejede ýaýbaňlandyryldy. Onda ýer eýelerinden bolan F.Gutlymyradowa we Ahal welaýatyndan gelen türgen A.Samekowa ýeňiji boldular.
Şeýle hem şu günler Daşoguzda futbol we woleýbol boýunça ýetginjek türgenleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar geçýär. Futbolçylar 10 müň orunlyk “Galkynyş” sport toplumynda, şeýle hem woleýbolçylar dördünji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde bäsleşýärler. Ýaryşlar 20-nji aprele çenli dowam eder.
Şu günler Lebap welaýatynyň merkezinde milli derejedäki dürli ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. 17-nji aprelde taý boksy boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler. Ol üç günläp dowam eder. Ýeri gelende aýtsak, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Hut şonuň üçin hem bu görnüş boýunça geçirilýän her bir ýaryş Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.
Hepdäniň anna güni Türkmenabatdaky ýöriteleşdirilen 5-nji sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistnyň nobatdaky çempionaty bolar. 10 müň orunlyk täze sport toplumynyň ylgaw ýodalarynda ýurdumyzyň ussat türgenleri birnäçe ugurlar boýunça öz aralarynda bäsleşerler.
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleri dowam edýär...