Ï “Altyn asyr” öňde barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyr” öňde barýar

view-icon 1012
16-njy aprelde ýurdumyzyň futbol meýdançalarynda çepionatyň onunjy tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary ligasynda oýnaýan toparlaryň arasynda çempionatyň ikinji aýlawyna badalga berildi. Paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda “Ahal” toparynyň futbolçylary Marynyň “Merw” toparyny kabul etdiler. Bu toparlaryň birinji oýny 3:1 hasabynda “Merwiň” ýeňşi bilen tamamlanypdy. Bu gezek Türkmenistanyň Kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň eýesi “Ahal” 4:0 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy.


Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde wise-çempion we Aziýa futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Balkan” oýnuň birinji ýarymynda jogapsyz iki pökgüni geçirip, “Daşoguzdan” üstün çykdy. “Talyp sporty” bilen Halkata türkmen-türk uniwersitetiniň toparynyň arasynda geçirilen oýun has-da gyzykly boldy. Birinji aýlawyň oýunlarynda talyplar ýurdumyzyň häzirki çempiony HTTU bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Jogap duşuşygynda şeýle hasap oýnuň 70-nji minudyna çenli dowam etdi. Ýöne bäsleşik tamamlanýança HTTU-nyň oýunçylary garşydaşlaryň derwezesine jogapsyz iki pökgüni girizip, üç utuk gazandylar.

Türkmenbaşy şäherinde “Şagadam” topary “Aşgabadyň” futboçylaryndan 0:1 hasap bilen yzda barýan hem bosalar, olar oýnuň depginini ýokarlandyryp, garşydaşlaryndan 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar. Şu oýunda A.Boliýan iki pökgi geçirdi. Ol häzir çempionatyň dowamynda 10 pökgi geçirip, öňdeligi eýeleýär. “Bagtyýarlyk – Lebap” bilen “Altyn asyryň” toparynyň oýnunda myhmanlar tehniki ýeňiş gazandylar.

Şeýlelikde, Aşgabadyň “Altyn asyr” topary 19 utuk toplap, öňde barýar. Ikinji orunda ýaryşyň dowamynda 18 utuk toplamagy başaran “Ahal”, “Şagadam” bolsa 16 utugy bilen üçünji orunda barýar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyry 18-nji maýda başlanar. Şonda “Altyn asyr” “Daşoguz” topary bilen duşuşar.