Ï Dostluk we halkara forumlar köşgi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostluk we halkara forumlar köşgi

view-icon 870
>“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda deňiz şypahanasynyň günorta böleginiň kenarýaka zolagynda gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Bu ýerde, “Ýelken” ýaht-klubynyň golaýynda Kongres-merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurduň täze jemgyýetçilik-syýasy we medeni-işewür merkeziniň gurluşygynda müňden gowrak adam zähmet çekýär we ýokary öndürijilikli tehnika işledilýär.

Bu iri göwrümli taslama 185 müň inedördül metr ýerde amala aşyrylýar. Innowasion taslamada dünýä gurluşyk trendleri we milli gurluşygyň dessurlary bilelikde durmuşa ornaşdyrylýar.

Bina taslananda piramida-terras şekilli gatlary ösýän görnüşdäki usul ulanyldy. Bu usul gadymýetde Gündogarda monumental binalaryň gurluşyynda giňden ýaýrandyr.Aýratynlykdaky we ýeňil psrsbol üçekde biri-biriniň üstüne süýşýän ýaly segmentler, olaryň gölli ýasy egreldilen tekizlikde tolkunlary aňladýar. Olar tolkunlaryň gerşi görnüşde öň tarapy emele getirirp, 90 metr belentlikde iki tarapda biri-biri bilen gabat gelýär.


Bu iri göwrümli gurluşygyň içiniň giňişliginiň ep-esli bölegini 2000 orunlyk häzirki zaman sahnaly zal eýelär. 100 orunlyk metbugat maslahatlary merkezi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin jaý açylar. Dabaraly kabul edişlik zaly, 500 orunlyk maslahat zaly, 120 orunlyk maslahat zaly, uly maslahat zaly we Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahat zaly işlär. Mundan hem başga süýşýän konfigurasiýaly diwarly maslahat otay, ikitaraplaýyn gepleşikler otagy, 30 orunlyk kiçi maslahat zaly we halkara aktlaryna gol çekilýän zaly işlär.

Sütünli eýwanda göwrümi 200 kub metr uly akwarium goýular. Toplumyň ikinji gatynda 1800 inedördül metr meýdanly sergi zaly göz öňünde tutulýar. Her biri 240 orunlyk bolan iki sany banket zaly medeni-köpçülikleýin çärelerine gatnaşyjylaryň hyzmatynda bolar. Wekilçilikli myhmanhana nomerleri we dynç alyş otaglary, milli we daşary ýurt aşhanaly haşamly restoran, fintes-zal we VIP-şahslar üçin 40 orunlyk kinozaly gurnalar.

Häzirki wagtda bu ajaýyp binanyň gurluşygynda demirbeton karkasyň üçünji gatyny guýmak işleri tamamlanýar. Onda dördünji derejäniň armirlemegi bölekleýin çykarylýar. Aşaky gatlarda içerki kommunikasiýa we kerpiç örmek işleri alnyp barylýar.

Gurluşygy alnyp barylýan binanyň golaýynda transformator podstansiýasynyň, dizel generatorynyň, bug gazanynyň we uly göwrümli suw ggaplarynyň gurluşygynyň demir-beton işleri tamamlanyp barýar.