Ï Sport hereketiniň öňüni talyplar çekýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport hereketiniň öňüni talyplar çekýärler

view-icon 875
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň bir aýlygynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde ähli fakultetleriň talyplarynyň gatnaşmaklarynda umumylykda bäsleşikleriň we görkezme çykyşlaryň iki ýüzüsi geçiriler.

Olary geçirmegiň merkezi diňe bir bu ýokary okuwynyň binýady bolman, eýsem paýtagtyň beýleki sport meýdançalary bolan “Köpetdag” we “Aşgabat” stadionlary, “Olimpiýa” suw sport toplumy, Aşgabadyň okuw mekdepleriniň sport merkezleri bolar. Sport ugurlaryndan woleýboly, futboly, gandboly, basketboly, suwda ýüzmegi, türkmen milli göreşini, tigir ýaryşyny, küşti, şaşkany, düzzümi, ok atmagy görkezmek bolar.

Bu uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary”aýdym-saz merkeziniň döredijilik, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary sport çärelerine baýramçylyk öwüşginini çaýar.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça şahsy we toparlaýyn bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy sport çäreleriniň jemleýji tapgyry bolar.