Ï «Altyn asyr» öňde barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» öňde barýar

view-icon 917
19-njy aprelde futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň on birinji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.

Aşgabatda üç duşuşyk geçirildi. “Köpetdag” stadionynda “Altyn asyr” topary bilen soňky orny eýeleýän “Daşoguz” topary duşuşdy. Garaşylyşy ýaly, bu oýun Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyryň” artykmaçlygy bilen geçdi we 3:0 hasabynda onuň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, “Altyn asyr” yzly-yzyna bäş gezek we çempionatyň başyndan bäri ýedi gezek ýeňiş gazandy.

Köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilen beýleki iki duşuşyşyň her birinde bäş pökgi geçirildi. “Aşgabat” topary oýnuň barşynda 0:1 hasabynda utulýan hem bolsa ahyrynda “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyny 4:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Beýleki oýunda Türkmenistanyň naýbaşy Kubogynyň eýesi “Ahal” topary “Talyp sportuny” 5:0 hasabynda utdy. Balkanabat şäherinde Aziýa futbol konfederasiýasyynyň kubogynyň eýesi “Balkan” topary ýurdumyzyň çempiony HTTU-ny kabul etdi. Bu toparlaryň arasyndaky birinji aýlawda geçirilen duşuşykda Halkara türkmen – türk uniwersitetiniň futbolçylary 1:0 hasabynda utupdylar, emma bu gezek balkanlylar 2:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Baýramaly etrabynda “Merw” we “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Maryly futbolçylar ozal Türkmenbaşy şäherinde geçirilen oýunda 2:0 hasabynda utulypdylar, bu gezekki duşuşygyň başynda olar bir pökgi geçirdiler. Emma arakesmä çykylmagynyň öň ýanynda “Şagadam” hasaby deňlemegi başardy. Oýnuň ikinji ýarymynda “Merw” hüjümi güýçlendirip, hasaby 2:1-e ýetirdi we bu ýeňişden soň olar 18 utuk toplap, çempionatda üçünji orna geçdiler. “Ahal” topary 21 utuk bilen ikinji orunda, ondan bir utugy köp bolan “Altyn asyr” bolsa birinji orunda barýar.

“Şagadam” toparyndan A.Boliýan çempionatda 10 pökgi geçirip, bu görkeziji boýunça birinji orunda barýar, “Ahalyň” oýunçysy S.Ataýew, “Altyn asyryň” oýunçysy B.Şamyradow we “Aşgabadyň” oýunçysy E.Tagaýew hersi 6 pökgi geçirip, ikinji orny paýlaşýarlar.

22-nji aprelde ýurdumyzyň çempionatynyň ýedinji tapgyrynyň geçirilmedik oýunlary bolar, şonda “Ahal” – “Balkan”, “Merw” – “Altyn asyr” we “Şagadam” – HTTU duşuşar.