Şu günler Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde ýetginjekleriň we uly ýaşly türgenleriň arasynda taekwondo (ITF ugry) boýunça Aziýa çempionaty geçýär. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş eýdärler. Ýaryşyň birinji güni biziň söweş sungaty boýunça ussatlarymyz (tuli) toplumlaýyn maşklary görkezmekde gazanan medallarynyň köplügi (2 kümüş we 2 bürünç) bilen guwandyrdylar.
Wise-çempionlaryň derejesine şahsy bäsleşiklerde Orazmyrat Çaryýew we Annamyrat Goşanyýazow mynasyp boldular. Şahsy bäsleşiklerde bürünç medala Gaýgysyz Atabaýew eýe boldy. Biziň türgenlerimiz toparlaýyn bäsleşiklerde çykyş edip, Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üstüni ýene-de bir bürünç medal bilen ýetirdiler.
Duşenbe güni – 21-nji aprelde taekwondo boýunça Aziýa çempionaty ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikler bilen dowam etdi. Şonda türkmenistanlylar medallaryň köp sanlysy – 2 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medallara mynasyp boldular.
14-15 ýaşly türgenleriň toparynda 51 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Orazmyrat Çaryýew we 16-17 ýaşly türgenleriň arasynda şol agramda ýeňiş gazanan Goşanyýaz Durdyýew altyn medallara mynasyp boldular.
Türkmen ýygyndy toparynyň düzüminde hormat münberiniň ikinji basgançagyna Ýusup Annaýew (69 kilograma çenli agramda) we Muhammetoraz Kulanow (75 kilogramdan ýokary agramda) çykdylar. Biziň türgenlerimiz ýene bir kümüş medalyny toparlaýyn bäsleşikde gazandylar. Bürünç medala Annamyrat Goşanyýazowyň mynasyp boldy.
22-nji aprelde bäsleşige Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary girişer, ýetginjikler bolsa toplumlaýyn maşklarda medallar ugrunda bäsleşerler. Aziýa çempionaty 23-nji aprelde tamamlanar.
Şu aprel günleri geçirilýän köp sanly sport çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň sport žurnalistleriniň federasiýasynyň maslahatynyň möhüm ähmietini bellemek gerek. Türkmen sport hereketiniň ösüşinde milli metbugat gulluklarynyň eýeleýän orny hakynda meseläni ara alyp maslahatlaşmak onuň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri baradaky her bir habar ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmekde uly höweslendirme bolup hyzmat edýär. Sport muşdaklarynyň öz gowy görýän türgenleriniň dünýäniň islendik nokadynda çykyşlary barada habarly bolmagy habarçylaryň derhal işine bagly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýäde parahatçylyk we dostluk maksatlarynyň wagyz-nesihatçysy, halklaryň aragatnaşygynyň serişdesi hökmünde sportuň ähmieti günsaýyn artýar. Şonuň üçin metbugatyň bu ugurdaky işleri ep-esli giňelmelidir.
Ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we medeni – sagaldyş çäreleriniň çäklerinde guralýan dürli ýaryşlar hem ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Mysal üçin, Lebap welaýatynyň merkezinde üç gün dowam eden ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden Türkmenabat şäherine ýygnanan türgenler öz hatarlarynda sportuň birnäçe ugry boýunça – gysga we orta aralyklara ylgamakda, uzynlyga bökmekde we beýleki görnüşlerde güýçlüleri kesgitlediler.
Umumy toparlaýyn çykyşda birinji orny eýelän ýaryşyň eýeleri iň gowy taýýarlygyny görkezliler. Öňdebaryjy üçlügiň düzüminde Aşgabat toparynyň we Mary welaýatynyň ýeňil atletikaylary bar.
Şeýle hem şu hepdede sport biraýlygynyň çäklerinde tennis, awtomobil sporty, akrobatika, küşt, suwda pökgi oýnamak, welosport, sportuň milli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” diýen şygar astynda geçirilýän kiçi futbol we woleýbol boýunça ýaryşlarda medallar ugrunda bäsleşiler.
30-njy aprelden 3-nji maý aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň 19 ýurdundan sport metbugat gulluklarynyň gatnaşmagynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji Halkara maslahaty geçiriler. Maslahatyň gün tertibine žurnalistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, iri sport ýaryşlaryny göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramakda tejribe alyşmak, sport gepleşiklerini alyp baryjylary taýýarlamak meseleleri giriziler. Ýeri gelende aýtsak, mediýa forumyň işi ilkinji nobatda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge gönükdirilendir. Şol oýunlar, mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda geçiriler.