Şu günler Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilýän taekwondo boýunça (ITF görnüşi) Aziýanyň 7-nji çempionatynda türkmen türgenleri örän üstünlikli çykyş etdiler. Olar bäsleşigiň 3 gününiň dowamynda jemi 12 medala eýe boldular.
Olaryň 2-si altyn, 5-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr!
Bu ýaryşlarda 29 ýurtdan gelen 300-e golaý türgen bu söweş sungatynyň birnäçe görnüşi boýunça şahsy we toplumlaýyn bäsleşiklerde, şeýle hem şahsy we toplumlaýyn maşklar toplumynda (tuli) çempion adyny almak ugrunda göreşýärler. Türkmen türgenleri ýetginjekler we ulular toparlarynda ähli görnüşler boýunça tapawutlandylar.
Mysal üçin, 22-nji aprelde türkmen türgenleri erkekler toparyndaky bäsleşiklerde bürünç medallaryň 2-sine eýe boldular. Olaryň birine şahsy bäsleşikde çykyş eden K.Annaýew we ikinjisine biziň türgenlerimiz toparlaýyn birinjilikde mynasyp boldular.
Bitziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş eden türgenler O.Çaryýew, A.Goşanyýazow, G.Atabaýew, G.Durdyýew, Ý.Annaýew we M.Kulanow Aziýanyň çempionatynda üstünlik gazandylar. Olar çempionatyň ilkinji 2 gününiň içinde 10 medala mynasyp boldular, olaryň ikisi altyn medallardyr.
Emma entek ýaryşyň jemlerini jemlemekden irdir, sebäbi biziň türgenlerimiz Aziýa çempionatynyň iň soňky gününde hem bäsleşerler. Şonuň üçin hem türkmen türgenleriniň gündogar başa-baş söweş görnüşleri boýunça ussatlyklaryny hasaba alanyňda, biziň ýygyndy toparymyzyň täze baýrakly orunlara mynasyp boljakdygyna ynanyp bolar.
Biziň türgenlerimiziň halkara derejesinde şunuň ýaly üstünlik gazanmaklary kanunalaýykdyr we buýsançlydyr.
Sebäbi biziň ýaşlarymyzyň beden taýdan güýçli we ruhy taýdan kämil bolmaga ymtylmaklary döwletimiziň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli alyp barýan syýasaty bilen ygtybarly goldanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özi türgen hökmünde hem, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz ediji hökmünde hem şahsy görelde görkezýär.
Şu günler sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän türkmenistanlylaryň ählisi “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän biraýlyga işjeň goşulýarlar we köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çärelerine örän höwesli gatnaşýarlar. Türgenlerimiziň ençemesi halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýokary sport netijelerini gazanýarlar, beýleki türgenlerimiz bolsa olaryň gazanýan üstünlikleri bilen ruhlanyp, milli çempionatlarymyzda, welaýat we şäher boýunça geçirilýän ýaryşlarda öz şahsy rekordlaryny goýýarlar hem-de has sagdyn we bagtyýar bolýarlar. Sebäbi ýurdumyzda geçirilýän umumymilli sport biraýlygy hem şeýle atlandyrylýar we ol üstünlikli dowam edýär.