Biziň türgenlerimiz Wagoş şäherinde (Portugaliýa) söweşjeň jiu-jistu boýunça V dünýä çempionatda toparlaýyn hasapda üçünji orny eýelediler. Bu çempionat söweş sungaty boýunça IV dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi.
Söweşjeň jiu-jistuda baýrakly orunlar üçin dünýäniň 23 ýurdundan gatnaşdylar. Netijede biziň pälwanlarymyz birinji we ikinji orny eýelän Gazagystanyň we Ukrainanyň toparlaryndan soňra 9 utuk bilen ilkinji üçlüge düşmegi başardylar hem-de çempionatyň baýrakçylary boldular.
Ýaryş iki bölüm; doly gatnaşyklardaky bäsleşik we özüňi goramak boýunça geçirildi. Ilkinjide biziň oglanlarymyz dört agram derejede baýrakçy bolmagy başardylar. 62 kg agram derejede bürünç medaly halkara derejeli sport ussady, başa-baş söweş sungatynyň bu ugur boýunça dünýä çempinatynyň geçen ýylky baýrakçysy Ýalkym Nuryýew gazandy. Söweş sambosy boýunça sport ussady, söweş jiu-jistu boýunça dünýä kubogynyň ýeňijisi 76 kg agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medala bolsa 84 kg agram derejede sport ussady Ruslan haýtbaýew mynasyp boldy. 92 kg agram derejede bolsa Dörtguly Jumaýew ikinji orny eýeledi we kümüş medaly aldy. Ol öz görkezijisini gowlandyrmagy başardy. Sebäbi ol geçen ýylda şunuň ýaly çempionatda üçünji orny eýeläpdi.
Özüňi goramak bölüminde söweşjeň jiu-jitsu boýunça üçünji danyň eýesi Rystam Imamkulyýew bürünç medala eýe boldy. Bäsleşigiň şertleri boýunça türgen dört minudyň dowamynda birnäçe bäsdeşleriniň erkin hüjümlerini gaýtardy. Özi hem ilki bilen sowuk ýaragyň garşysyna tehniki usullara erk edýändigiňi görkezmek hökmany bagdaý bolup durdy.