Ï Sport biraýlygynyň gündeligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport biraýlygynyň gündeligi

view-icon 860
Sport wakalary baradaky däbe öwrülen synymyzy daşary ýurtlardan gelip gowşan hoş habarlardan başlamagy makul bildik. Şol ýurtlarda türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.

23-nji aprelde Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilen taekwondo boýunça (ITF görnüşi) Aziýanyň çempionaty diňe sport muşdaklarynda gyzyklanma döretmek bilen çäklmenmän, eýsem gündogar başa-baş söweşleri boýunça hünärmenleriň ýokary bahasyna hem mynasyp boldy. Biziň watandaşlarymyzyň üstünligi hakykatdan-da ýokary bahalara mynasypdyr. Çünki ol üstünlik medallaryň 16-syndan ybarat bolup, olaryň arasynda altyn medallar hem bar. Taekwondo boýunça türkmen mekdebiniň türgeni Orazmyrat Çaryýew ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň absolýut çempiony boldy.

Katmandu şäherinde birnäçe günüň dowamynda medallar ugrunda Ýewraziýa yklymynyň Aziýa böleginiň güýçli taekwondoçylarynyň 300-e golaýy bäsleşdiler. Olar dünýäniň 29 ýurduna wekilçilik etdilep, şol ýurtlarda söweş sungatynyň bu görnüşi aýratyn ösüşe eýe boldy. Şunuň ýaly bäsleşlikde hem biziň watandaşlarymyz ähli görnüşlerde we olaryň her birinde medllary gazanmagy başardylar.

Güýçli taekwondoçylaryň ady ugrunda bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirildi. Olar hem tutluşyklar, hem toplumlaýyn maşklar (tuli) bolup, şahsy, şeýle hem toparlaýyn çykyşlarda geçirildi. Umumy netije diýseň haýran galdyrýar. 16 medalyň ikisi altyn, 7-si kümüş we şonçasy bürünç medallardyr.


Diňe uly ýaşly türgenler toparynyň çykyşy däl-de, eýsem ýetginjekleriň hem üstünlikli çykyşy aýratyn guwandyrýar. Olar ýene-de üç ýyldan Aziýada-2017-de üstünlikli çykyş ederler. Şonda aýratyn orun söweş sungatlaryna bagyşlanýar.

Medallaryň köplügine garamazdan, biziň taekwondo boýunça ussatlarymyzyň halkara sport giňişliginde gazanan üstünligi öz-özünden düşnüklidir, çünki biziň ýurdumyzda döwlet tarapyndan sport muşdaklaryna we sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlaryna ägirt uly goldaw berilýär.

Hoş habarlaryň ýene biri Germaniýadan gelip gowuşdy. Ol ýerde sport we söweş sambosy boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Bu ýerde türkmenistanlylara 9 medaly – 6 sany altyn we 3 sany kümüş medallary gazanmak başartdy. Göreşiň iki görnüşinde medallary Myrat Gimmiýew (57 kilograma çenli), Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli), Atajan Şaberdiýew (62 kilograma çenli), Muhammet Kössekow (55 kilograma çenli), Kössek Kössekow (53 kilograma çenli) we Anna Hajyýew (51 kilograma çenli) gazandylar. Kümüş medallara Mekan Nurjykow (62 kilograma çenli), Mekan Akmyradow (59 kilograma çenli) we Atajan Aýdogdyýew (49 kilograma çenli) mynasyp boldular.


Ýeri gedende, ýakynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde tamamlanan kadetleriň kubogy ugrunda dzýudo boýunça halkara ýaryşy barada hem aýtmak gerek. Bu ýerde türkmenistanlylar medallaryň 5-sine – 2 kümüş we 3 bürünç medallara mynasyp boldular. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna Nurmuhammet Annabaýramow (55 kilograma çenli) we Gülbahar Madreýimowa (36 kilograma çenli), üçünji orna bolsa Alla Kokarewa (44 kilogramda), Nilufar Muheýddinowa (57 kilograma çenli) we Leýla Muhammedowa (70 kilograma çenli) çykdylar.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýien şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleri barada aýdylanda deňi-taýy bolmadyk bu umumymilli forumyň sportuň baýdaklarynyň astynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň onlarça müňüsini ýygnandygyny bellemek gerek.


Ýaňy-ýakynda Köpetdag şaýolunda Aşgabat şäheriniň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda welosport boýunça Türkmenistanyň birinjili badalga aldy. Ýaryşyň birinji güni türgenler 27 kilometr aralykda şahsy bäsleşiklerde güýç synanyşdylar.

Pellehanada iň gowy wagty Wýaçeslaw Kutuzow görkezdi, ol 38 minut 54 sekundda 30 kilometre golaý ýoly geçdi. Ikinji orna Kakabaý Ataýew (41,35 minut) mynasyp boldy, üçünji orny bolsa Babageldi Seýitnazarow (42,52 minut) eýeledi. Olaryň üçüsi hem Aşgabat şäheriniň toparyna wekilçilik edýärler.

Welosiped sporty boýunça bäsleşik halkalaýyn ýaryşlar bilen dowam eder. Ýaryşlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport awtoulaglar merkeziniň ýodasynda geçiriler. Bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylar 30 kilometr aralygy geçmeli bolar. Şu ýaryş ýodasynda 27-nji aprelde “Volkicar” kysymly ýaryş awtoulaglarynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.


Köpçülikleýin sport çärelerine talyplar hem gatnaşýarlar. Olar ýakynda erkekler toparynda iň gowy woleýbol toparyny kesgitlediler. Şonda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty ýeňiş gazandy. Onuň wekilleri finalda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institytynyň talyplaryny ýeňdiler. Üçünji orny Döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň topary eýeledi.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde şu günler küşt boýunça milli ýaryş geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 50-ä golaýy gatnaşýar. Ýaryşyň ýeňijisi we baýrakly orunlary eýelänler 11 tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça kesgitlener.

Ýaryşyň dört tapgyry eýýäm yzda galdy. Şolardan soň ýaryşyň eýesi bolan toparyň wekilleri Alymbaý Ýoldaşew we Serdar Eraýew (4 utukdan 4) öňde barýarlar. Ýaryş 27-nji aprelde tamamlanar.

26-njy aprelde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde sportuň milli görnüşleri bolan göreş, düzzüm, ýaglyga towusmak we beýlekiler boýunça ýaryşlar geçiriler. Şol gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Esasy sport wakalary bolsa dynç güni geçiriler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň aýlawlarynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreler guralar. Gözelligi we syratlylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk beheşdi bedewlerimiz şol baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolar.