Ï Pellehana bosagada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pellehana bosagada

view-icon 968
>“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň tamamlanmagyna birnäçe gün galdy. Bu çäreler gürrüňsiz suratda sport ulgamynda geljegi uly, beden taýdan kämil we ruhy taýdan baý bolmak isleýän ýaşlaryň köp sanlysynyň tutuş Türkmenistan boýunça geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşmagyna ýardam berdi. Diýmek, sport biraýlygynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge uly goşant goşandygyny aňladýar. Otuz günüň dowamynda bu çäreleriň çäklerinde özüniň çekeleşikli häsiýeti we ýokary netijeliligi bilen tapawutlanan ýaryşlaryň ýüzlerçesi guraldy.

Şeýlelikde, ýakynda welosiped boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň geçirilen wagty welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň Milli merkeziniň hasabat-saýlaw maslahaty hem boldy. Onuň barşynda biziň ýurdumyzyň sport durmuşynda esasy waka boljak ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça wezipeleriň toplumy kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, bu Oýunlarda welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça hem medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler.


Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar welosiped boýunça ussatlar bilen yzygiderli tejribe alyşmagyň, iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyň, ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bular barada 2017–nji ýyla çenli Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň Milli maksatnamasynda jikme-jik bellenilendir. Bu Maksatnama ýurdumyzyň Milli merkezi tarapyndan Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy we sport bilen işjeň meşgullanýan hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we ähli türkmenleri täze ýeňişlere we ýokary sport netijelerine ruhlandyryjy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Häzirki wagtda türkmen welosipedçileri 20-nji maý – 1-nji iýun aralygynda Gazagystanda geçiriljek ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Onda welosiped sportunyň trek we gara ýollarda ýaryşmak görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Türkmenistanyň şu gezekki birinjiligi Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilip, Aziýa çempionatyna taýýarlanmagyň bir tapgyrydyr. Onda üç görnüş boýunça öňdäki orunlary alanlar kesgitlenildi. Olar boýungça ähli birinji orunlary paýtagtly türgenler eýelediler.


Kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionaty bolsa 25-nji aprelde badalga aldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy sport mekdebinde geçirilýän bäsleşiklere ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 1999-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenler gatnaşýarlar.

Kikboksing hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyn girýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň şu gezekki birinjiligine gatnaşýan türgenleriň 2017-nji ýylda geçiriljek ýaryşlarda hem ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmekleri mümkindir. Kikboksing boýunça ýaryşlar 27-nji aprele çenli dowam eder.

Düýn Gyşky görnüşler boýunça sport toplumynda 2000-nji ýylda doglan we olardan kiçi ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşlar başlandy. Bäsleşiklere “Şir”, “Oguzhan”, “Bürgüt” we Sport boýunça döwlet komitetiniň sport mekdebiniň toparlary gatnaşýarlar.


Ýaryşlaryň birinji gününde iki duşuşyk geçirilip, “Şir” we “Oguzhan” toparlary ynamly ýeňiş gazandylar. Ýaryşlaryň ýeňijisi ýekşenbe güni belli bolar.

27-nji aprelde Aşgabatda awtomobil sporty boýunça “Volkicar” ulaglarynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu bäsleşikler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň häzirki zaman awtomobil sporty merkezinde guralar, ýakynda bu ýerde karting boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirilipdi.

26-njy aprelde ýurdumyzyň ähli şäherlerinde guşakly göreş, ýaglyga towusmak, düzzüm we beýleki milli oýunlar boýunça ýaryşlar guralar. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzda ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Geljek hepdede “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleri tamamlanar. Bu biraýlygyň resmi ýapylyşy 30-njy aprelde Içeri işler ministrliginiň sport awtoulaglary merkezinde geçiriler. Emma ondan ozal türkmen türgenleri gylyçlaşmak, basketbol, söweş sungatlary we sportuň beýleki görnüşleri boýunça milli derejede geçiriljek ýaryşlaryň çäklerinde medallar ugrunda bäsleşerler.