Futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda sekizinji tapgyryň ozal oýnalmadyk oýunlary geçirildi.
Ýurdumyzyň häzirki çempiony Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary öz meýdançasynda “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyny kabul etdi. Duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan bäsdeşleriň ussatlyk tapawutlary mese-mälim aýan boldy. HTTU arakesmä çenli lebaply futbolçylaryň derwezesine üç pokgi, oýnuň ikniji ýarymynda bolsa dört pökgi geçirip, häzirki futbol möwsüminde iň uly ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, duşuşyk 7:0 hasabynda tamamlandy.
Şu tapgyrda “Köpetdag” stadionynda geçirilen “Altyn asyr” we “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk uly gyzyklanma eýe boldy. Şu oýundan ozal bäsdeşleriň utuk tapawudy 1-e deňdi. Bu oýna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň ýene bir sebäbi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyr” topary şu gezekki çempionatda bir gezek hem utulmandy, Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi bolan “Ahal” topary bolsa häzir geçirilýän ýurdumyzyň birinjiliginde sekiz gezek ýeňiş gazanypdy.
Oýnuň birinji ýarymynyň ortasyna çenli “Altyn asyr” eýýäm iki pökgi geçirdi. Arakesmä 7 minut galanda D.Hajyýewiň iki gezek sary duýduryş alyp, meýdançadan çykarylmagy netijesinde, “Ahal” azlykda oýnamaly boldy. Bu ýagdaý, elbetde, oýnuň netijesine täsir etdi we “Ahalyň” futbolçylary öz derwezesine ýene bir pökgüni goýberdiler we netijede 0:3 hasabynda utuldylar. Çempionatyň dowamynda ylzy-yzyna ýedi gezek we çempionatyň başyndan bäri dokuz gezek ýeňiş gazanan “Altyn asyr” topary 28 utuk bilen birinji orunda, “Ahal” bolsa 24 utuk toplap, ikinji orunda barýar.
Balkanabat şäherinde “Balkan” we Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Bu deňme-deň netije “Şagadam” toparyna 20 utuk bilen üçünji ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi.
Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasyndaky bäsleşikde 12 pökgi geçirmegi başaran A.Boliýan (“Şagadam”) öňde barýar. Ýedi pökgi geçiren B.Şamyradow (“Altyn asyr”) ikinji orny eýeleýär, olaryň yzy bilen barýan.