Ï Aziýanyň çempionatynyň ýeňijileri sarpalandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýanyň çempionatynyň ýeňijileri sarpalandy

view-icon 901
Şu gün Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýaş olimpiaçylar mekdebinde taekwondo söweş sungaty boýunça (ITF görnüşi) türkmen türgenlerini sarpalamak dabarasy boldy. Olar Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Biziň türgenlerimiz jemi 16 medala – 2 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular.

Bu ýaryşlara 20 ýurtdan – Hytaýdan, Ýaponiýadan, Hindistandan, Malaýziýadan, Owganystandan Mongoliýadan, Täjigistandan we beýlekilerden türgenleriň 1200-si gatnaşdy. Medallar ugrundaky ýaryşlar birnäçe ugur boýunça geçirildi. Olar hem tutluşyklar, hem toplumlaýyn maşklar (tuli) bolup, şahsy, şeýle hem toparlaýyn çykyşlarda geçirildi. Bu ugurlaryň ählisi boýunça türkmenistanlylar baýrakly orunlary eýelediler. Şunda biziň toparymyzyň düzüminde çykyş eden türgenleriň her biriniň Watanymyza Aziýa çempionatynyň medaly bilen gaýdyp gelendigi buýsançlydyr!

Orazmyrat Çaryýew biziň ýygyndy toparymyzda iň köp baýrak alan türgen boldy, ol şahsy hasapda we toparlaýyn çykyşlarda bäş gezek üstünlik gazandy we olaryň biri birinji orundyr. Emma geljegi uly bolan türkmen türgeniniň iň uly gazanan ýeňşi, onuň çempionatyň halkara eminleri tarapyndan ýetginjekler toparynda absolýut çempion diýlip yglan edilmegidir. Başgaça aýdylanda, türkmen türgeni diňe bir öz agram derejesindäki taekwondoçylaryň arasynda däl-de, eýsem Ýewraziýa yklymynyň Aziýa böleginde öz ýaşdaşlarynyň arasynda iň güýçli taekwondoçy türgendir!


Ol 14-16 ýaşly türgenleriň arasynda 51 kilograma çenli agramda şahsy bäsleşikde altyn medala eýe boldy. Iki kümüş medaly bolsa toparlaýyn bäsleşiklerde we şahsy tulide gazandy, şeýle hem toparlaýyn düzüminde maşklary ýerine etirendigi üçin hem-de öz özüňi goramak boýunça bäsleşikde bürünç medallaryň ikisini eýeledi.

Toparlaýyn bäsleşiklerde we toplumlaýyn maşklary ýerine etirmekde diňe bir tutuş topara medal berilmän, eýsem her bir aýry türgene hem medal berilýändigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gaznasyna gelip gowşan medallaryň sany ýokarda agzalan 16 medaldan has köpdür.

Türkmen toparynyň ikinji altyn medalyny Goşanyýaz Durdyýew gazandy, ol 17-19 ýaşly türgenleriň toparynda 51 kilogram agramda şahsy ýaryşlarda tapawutlandy. Şele hem ol toparlaýyn bäsleşiklerde we tulide kümüş we bürünç medallara mynasyp boldy.

Muhammedoraz Kullanowyň çykyşy hem ýokary baha berilmegine mynasypdyr. Ol medallaryň üçüsine mynasyp boldy. Olaryň biri üçin türkmen türgeni bar ukyp-başarnygyny peýdalanmaly boldy: bu ýerde 69 kilogramdan ýokary agram derejesinde ol final bäsleşikde şikest aldy, emma göreşi soňuna çenli dowam etdirmäge özünde güýç-gaýrat tapdy hem-de köp sanly tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. M.Kullanow şahsy bäsleşiklerde we toplumlaýyn maşklarda kümüş we bürünç medallara hem mynasyp boldy.

Ýetginjekler toparynda Ýusup Annaýew hem şeýle netijäni görkezdi, ol 69 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Annamyrat Goşanyýazow bolsa 57 kilograma çenli agramda çykyş edip, biziň toparymyza 3 kümüş we 1 bürünç medal getirdi.


Türkmenistanyň ulular ýygyndy topary hem medallaryň ençemesine eýe boldy. Gaýgysyz Atabaýew şahsy tulide, toparlaýyn sparringlerde (57 kilograma çenli) we gaty jisimleri döwmek, böküp depmek boýunça ýörite tehniki bäsleşiklerde bürünç medallaryň 3-sine eýe boldy.

Şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde 64 kilograma çenli agramda çykyş eden Kemal Annaýew hem bürünç medallaryň ikisini aldy.

Toparlaýyn sparringlerde biziň ýygyndy toparymyzda çykyş eden Annaberkeli Annaberdiýew (51 kilograma çenli), Kuwwatmyrat Ilmyradow (78 kilograma çenli) we Mergen Sarjaýew (85 kilograma çenli) bürünç medallary eýelediler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda dünýäniň ägirt uly Aziýa giňişliginde üçünji orny eýeledi. Bu gündogar başa-baş söweşiniň watany bolan KHDR-iň topary birinji orny eýeledi.

Aziýa çempionatynda eminleriň işini hem bellemek gerek. Oňa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, halkara derejeli emin Aýdogdy Atabaýew gönüden-göni gatnaşdy.

Türkmen türgenlerini sarpalamak çäresine gaýdyp gelmek bilen, olara Sport baradaky döwlet komitetiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylandygyny bellemelidiris.


“Türkmen taekwondoçylarynyň Aziýa çempionatyndaky gazanan üstünlikleriniň syry nämede?” diýip, TDH-niň habarçysyna beren sowalyna biziň ýygyndy toparymyzyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň taekwondo milli merkeziniň başlygy M.Rozyýew bu ajaýyp üstünlik Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sport hereketini, şol sanda Gündogaryň söweş sungaty boýunça görnüşlerini ösdürmäge ägirt uly üns berýändiginiň netijesidir diýip, jogap berdi. Mundan gaýry hem milli Liderimiz taekwonldo bounça 7-nji danyň gara guşagynyň we karate boýunça 10-njy danyň eýesi bolmak bilen, biziň ählimiz üçin iň gowy göreldedir diýip, ol aýtdy.

Türkmen taekwondoçylaryna öňde has jogapkärli synaglar garaşýar. Olar awgust aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Nepalda geçirilen Aziýanyň çempionatynda Täjigistanyň taekwondo federasiýasynyň prezidenti Röwşenmyrat Hajyýew başa-baş söweş boýunça türkmen türgenleriniň gazanan netijelerine örän ýokary baha berip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň dünýäniň taekwondo boýunça iň belli toparlary bilen bäsleşmäge mynasypdygyny belledi.