Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1-30-njy aprel aralygynda ”Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni biraýlygynyň çäklerinde jemleýji çäreler geçirildi. Türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi bu çärelere işjeň gatnaşyp, sport bilen meşgullanmaga gyzyklanýandyklaryny we sagdyn-durmuş ýörelgeçine eýerýändiklerini tassykladylar. Bu köpçülikleýin çärelere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şol sanda hökümet agzalary hem işjeň gatnaşdylar, olar bu gün köpugurly “Aşgabat” sport toplumyna ýygnandylar.
Ir bilen ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýeçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bäsleşikleriň öň ýanynda açyk asmanyň astynda türgenleşik geçmek üçin stadionyň meýdançasyna çykdylar.
Soňra çärä gatnaşyjylar toparlara bölündiler. Sport toplumynyň meýdançalary sagdyn bäsdeşlik ruhuna ýugruldy. Bu ýerde woleýbol, basketbol, futbol, tennis, ýeňil atletika, bouling we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Türgenleşik zallary hem köp adamly boldy.
Agşam Garaşsyzlyk seýilgähindäki ajaýyp öwüşgine beslenen amfiteatrda ”Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin çäreleriň biraýlygynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu ýerde aşgabatlylyaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnandy, olar türgenleriň, belli estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda guralan köp öwüşginli baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Seýilgähiň merkezi girelesinde myhmanlary Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary garşyladylar, olar eýýäm sportda ýokary netijeler gazanýarlar. Munuň üçin biziň ýurdumyzda ähli zerur bolan şertler we degişli düzümler döredilýär, olaryň hataryna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ýakyndan goldawy we ünsi bilen türkmen ýaşlaryny belent sport sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen iň häzirki zaman sport desgalary girýär.
Bularyň ähli netijesinde Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýokary derejeli sport bäsleşikleriniň barha ýygy-ýygydan geçirilýän ýurduna öwrülýär. 2017-nji ýylda bolsa Aşgabat ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Bu oýunlar Aziýa yklymynyň iň güýçli türgenlerini bir ýere ýygnar we olar çalt depginler bilen gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda geçiriler.
Geçen ýyl Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen IV Aziadadan soň Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň resmi ýagdaýda türkmen wekiliýetine gowşurlandygyny ýatlap, nobatdaky gezek şol oýunlarda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri barada aýdasymyz gelýär. Şonda biziň türgenlerimiz kikboksing we guşakly göreş boýunça bäsleşiklerde jemi 7 medal – 2 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medal aldylar.
Bular we köpsanly beýleki baýraklar Garaşsyzlyk seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan türkmen türgenleriniň gazananlarynyň sergisinde görkezilýär. Onda biziň türgenlerimiziň 2013-nji ýylda Kazanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Bütindünýä uniwersiadada mynasyp bolan medallary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol boýunça Halkara ýaryşynyň baş baýragy goýlupdyr.
Şeýle hem sergide köpsanly kuboklar bilen bir hatarda altyn, kümüş we bürünç medallaryň ýüzlerçesi görkezilýär, türkmen türgenleri olara halkara derejesindäki, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlaryň bäsleşiklerinde mynasyp boldular.
Mundan başga-da, bu ýerde häzirki zaman sport ulaglary we welosipedler görkezilýär, olarda biziň zehinli ýaşlarymyz halkara derejesindäki geljekki ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda türkmen welosipedçileri ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geljekki aýda Gazagystanda badalga aljak Aziýa çempionatyna güýçli depginde taýýarlyk görýärler. Biziň türgenlerimiz Garaganda şäheriniň ýollarynda baýrakly orunlar ugrunda güýç synanyşarlar.
Şeýle hem sergide, maksada okgunlylygy, ýeňşe bolan synmaz erki hem-de sport hyjywyny açyp görkezýän suratçylaryň işleri bilen tanşyp bolýar.
Sport biraýlygynyň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!” şygary bilen nobatdaky bäşinji Umumymilli spartakiadanyň ýeňijileri sylaglanyldy. Bu spartakiadanyň maksatnamasyna sportuň ondan gowrak görnüşi girýär, oňa türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi, şol sanda zähmet toparlary, talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.
”Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni biraýlygynyň jemleýji gününde 29-30-njy aprelde Mary welaýatynda geçirilen ýetginjekleriň we ulularyň arasynda taekwondo boýunça (ITF) Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi.
Ýakynda türkmen türgenleri bu söweş sungatynyň taekwondo (ITF) görnüşi boýunça Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda tapawutlanyp, medallaryň 16-syna – 2 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular, türgenlerimiziň biri ýetginjekleriň arasynda bu çempionatyň absolýut ýeňijisi boldy. Indi bolsa olar gaýdyp gelenlerinden soň Türkmenistanyň iň güýçli türgenleri diýen belent derejäni tassyklamak üçin milli derejedäki ýaryşlarda güýç synanyşýarlar.
Ýaryşlara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 300-e golaý türgen gatnaşdy, olar baýraklaryň ýigrimi dört toplumy ugrunda bäsleşdiler. Bu ýaryşlaryň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň taekwondo (ITF) Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat düzümi, ýerli häkimligiň ýardam bermeginde Mary welaýat sport komiteti çykyş etdiler.
Ýaryşlar birnäçe görnüş – şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar), şeýle hem şahsy we toparlaýyn sparringler boýunça geçirildi. Toparlaýyn hasapda Mary welaýatynyň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň türgenleri ikinji orna, balkanly türgenler bolsa üçünji orna mynasyp boldular.
Häzirki wagtda taekwonda boýunça biziň ussat türgenlerimiz şu ýylyň awgust aýynyň başynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbede geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar.