Şu gün ýurdumyzda ulanmaga berilýän köpsanly binalaryň açylyş dabaralary Balkan welaýatynda dowam etdi. Serdar etrabynyň Janahyr obasynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bina edilen 350 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.
Täze binanyň esasy aýratynlygy onuň köp ugurlylygydyr. Binanyň giň zallary häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýylyň islendik paslynda basketbol, woleýbol, tennis, küşt oýnamaga, gimnastika, göreş we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga, köpçülikleýin sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik bar. Şeýle hem mekdepde egin-eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän, dynç alyş otaglary, tälimçiler we eminler üçin iş otaglary ýerleşdirilipdir. Täze mekdebiň abadanlaşdyrylan çäklerinde açyk sport meýdançalary gurnalypdyr we ol ýerde futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin şertler döredilipdir.
Şatlykly baýramçylyga öwrülen açylyş dabarasyna obanyň ýaşaýjylary we bu şanly waka mynasybetli ýaşlary gutlamaga gelen köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Medeniýet işgärleri, saz we tans toparlary bu waka mynasybetli konsert taýýarladylar. Ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabarada çykyş edenler sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Bu ulgamda uly işler alnyp barylýar – paýtagtymyzda hem, welaýatlarda hem yzygiderli ýagdaýda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, stadionlar we beýleki sport desgalary ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi sagdyn durmuş ýörelgesine ruhubelentlik bilen goşulýarlar. Tutuş aprel aýynyň dowamynda ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar bilen geçirilen köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni jemgyýetçilik çäreleri munuň aýdyň mysalydyr.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, oba ýerlerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini döretmek maksady bilen durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleri üçin hoşallyklaryny bildirip, milli Liderimize türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine ähli başlangyçlaryna mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw etdiler.