Ï Öňde barýan topar bäsdeşlerinden arany açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňde barýan topar bäsdeşlerinden arany açýar

view-icon 958
Ýokary liganyň topralarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň nobatdaky oýunlary geçirildi.

Halkara türkmen –türk uniwersitetinde ýurdumyzyň häzirki çempiony bolan bu ýokary okuw mekdebiniň futbolçylary bilen birinjilikde öňde barýan “Altyn asyr” toparynyň duşuşygy uly gyzyklanma döretdi. Çempionatyň birinji aýlawynda HTTU Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuboganyň iki gezek eýesi “Altyn asyr” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Bu gezekki duşuşyk hem çekeleşikli boldy. Oýnuň 4-nji minutynda “Altyn asyr” hasaby açdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda ýer eýeleri onbir metrlik urgudan hasaby deňlemegi başardylar. 1:1 hasaby uzak wagtlap üýtgemedi. Bäsleşigiň tamamlanmagyna 1 minut galanda “Altyn asyry” öňe çykýar –hasap 2:1. Yzly-yzyna 8-nji ýeňişden soň “Altyn asyr” 31 utuk toplady.

Çempionatda ikinji orunda barýan “Ahal” Türkmenbaşy şäherinde “Şagadamdan” 2:0 hasabynda utuldy. Şu duşuşykdan soň “Ahal” “Altyn asyrdan” 7 utuk yzda barýar, “Şagadam” bolsa 23 utuk toplap, üçünji ornuny berkitdi.

“Merw” topary 21 utuk bilen dördünji orunda barýar, ol Türkmenabat şäherinde “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyny 5:1 hasabynda utmagy başardy.

Ýene-de iki duşuşykda garaşylmadyk netijeler görkedildi. Aşgabatda “Talyp sporty” topary azlykda oýnasa-da, Aziýa futbol konfederasiýasynyň Prezidenitniň Kubogynyň eýesi “Balkan” topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde geçirilen oýunda “Daşoguz” topary oýnuň tamamlanmagyna dört minut galanda onbir metrlik urgyny peýdalanyp, Aşgabat topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we çempionatyň dowamynda özüniň birinji utugyny gazandy.