Geçen dynç günleriniň sport wakalaryna synymyzy Wengriýanyň paýtagtyndan gelip gowşan täzeliklerden başlamagy makul bildik. Bu ýerde küşt boýunça däbe öwrülen halkara ýaryşy geçirilýär. Budapeştde eýýäm medallaryň ilkinji toplumy ugrunda bäsleşildi. Bu bäsleşiklerde küştüň bir döwi üçin her göçümden soň 2 sekundyň goşulmagy bilen 15 minut wagt berilýär. Şunda türkmenistanlylaryň bir bada ikisi hormat münberine çykmagy başardylar. Onuň iň ýokary basgançagyna M.Atabaýew çykžy, onuň dogany Ý.Atabaýew bolsa bürünç medalyň eýesi boldy. Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň küşt mekdebiniň düzümine girýän türgenleriň ikisiniň hem “Halkara ussady” derejeleri bar.
Küşt ýaryşy baradaky gürrüňi dowam edip, şu günler küşt boýunça milli ýaryşyň Gökdepe şäherinde geçirilendigini we onuň ýetip gelýän Ýeňiş gününe, şeýle hem Gökdepe galasyny goranlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanandygyny bellemek gerek. Ahal, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň agzalary üç topara bölündi—sport ussatlary we ýokary derejeli türgenler, sport ussatlygyna dalaşgärler we mekdep okuwçylary. Bäsleşikler şweýsar ulgamy boýunça 11 tapgyrda geçirildi.
Tanyml küştçüleriň toparynda aşgabatly A.Kakageldiýew mümkin bolan 11 utukdan 9-syny toplap, ýeňiş gazandy. Ikinji toparda birini we ikinji orunlary utuklarynyň birmeňzeş hasaby—8,5 utuklar bilen paýtagtymyzyň türgenleri H. Döwletow we R.Nazarow eýelediler. Mekdep okuwçylarynyň arasynda bolsa Aşgabat şäheriniň küşt boýunça sport mekdebinden S.Myradow ýaryşyň tamamlanmagyna çenli 2 tapgyr galanda, möhletinden öň altyn medaly gazandy.
Şu gün-5-nji maýda paýtagtymyzda 10 ýaşa we 14 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň toparlarynyň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň iki sany ýaryşy badalga alýar. Ýaryşlar 14-nji maýa çenli dowam eder.
Geçen dynç günleri paýtagtymyzda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň çäklerinde medallaryň toplumlary ugrunda bäsleşildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan türgenleriň 120-ä golaýy gatnaşdy. Çak edilişi ýaly, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň ýekelikdäki ýaryşynda “Aşgabat” köp ugurly sport toplumynyň tennis meýdançalarynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplary—sport ussady A.Ernepesow we halkara derejeli sport ussady A.Prenko ýeňiş gazandylar. Olar jübütleýin ýaryşda hem hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardylar.
Ýeri gelende aýtsak, ýakyn wagtda tennisçileriň milli ýygyndy topary halkara okuw—türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçmek üçin Fransiýa giderler. Bu türgenleşikler biziň ýygyndy toparymyzyň erkekler düzümi üçin oňat taýýarlyk bolar. Olar tomusda Dewisiň Kubogy ugrunda abraýly tennis ýaryşlarynyň birinde çykyş ederler. Şu ýyl türkmenistanlylar Aziýa—Okeaniýa zolagynyň üçünji toparyna belli ýaryşlaryň medallary ugrunda ilkinji gezek bäsleşerler. Biziň tennisçilerimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçen ýyl geçirilen şeýle ýaryşlarda ajaýyp çykyş etdiler. Olar dördünji toparda altyn medallary gazandylar we Dewisiň Kubogy ugrundaky 2014-nji ýylyň ýaryşynda özlerine bir dereje ýokary orny üpjün etdiler.
Synymyzy dowam etmek bilen ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň ýaryşynda türgenleriň gazanan üstünlikleri barada hem aýtmak gerek. Bu ýaryş paýtagtymyzyň “Köpetdag” sport toplumynyň ylgaw ýodalarynda geçirildi. Şonda uzunlygyna bökmekde we dürli aralyklara ylgamakda güýçli türgenler kesgitlendi. “Dagdan” stadionynyň meýdançasynda hem sport gurallaryny zyňyjylar we itekleýjiler bäsleşdiler. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-e golaýy bäsleşdiler. Olar öz hatarlarynda ýeňil atletikanyň 34 ugry boýunça iň gowulary kesgitlediler.
Medallar ugrundaky bäsleşikde paýtagtymyzyň topary ylgamakda we sport guralyny zyňmakda, lebaply türgenler bolsa uzynlygyna bökmekde we marafon aralyklara ylgamakda iň gowy netijeleri görkezdiler.
Bäsleşigiň ýedi görnüşini öz içine alýan ýaryşda I.Welihanowa birinji orny eýeledi. Päsgelçilikli 100 metr we 200 metr aralyklara ylgamakda, uzynlygyna we beýiklige bökmekde, naýzany syňmakda, ýadrony iteklemekde, 800 metr aralyga ylgamakda aşgabatly türgen zenan toplan utuklarynyň möçberi boýunça sport ussadynyň derejesini berjaý etdi.
Milli ýygyndy toparyň türgenleri ýetginjekleriň arasynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Dünýäniň, şol sanda Türkmenistanyň ökde türgenleriniň ýaryşy şu ýylyň iýulynda Amerikanyň Ýujin şäherinde geçiriler.