Şu gün Halaç etrabynyň dolandyryş merkezinde 365 orunlyk sport mekdebiniň ulanyşa tabşyrylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze gurluşygyň öňündäki meýdançada ir ertirden aýdym, saz ýaňlanýar, ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezýärler. Açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, türgenler, şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüji syýasatynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, sportuň maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin hemme şertleriň döredilendigini aýratyn nygtap, döwlet Baştutanymyza halkyň saglygy we abadançylygy baradaky ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Täze gurluşyk döwrebap serişdeleriň we tehnologik gurnawlaryň peýdalanmagy arkaly häzirki eýýamyň binagärlik keşbine laýyklykda bina edildi. Bu ýerde çagalar we ýetginjekleri sport ussatlygynyň başlangyçlaryny öwretmek, sportuň köp görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin hemme şertler bar. Sport mekdebinde basketbol, woleýbol, gimnastika, göreş, küşt, boks we beýlekiler bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap türgenleşik, sport enjamlary we serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan zallar, durmuş hyzmaty üçin bölümler, lukmançylyk nokady ýaş türgenleriň ygtyýarynda, türgenleşdirijiler üçin otaglar bar. Täze gurluşyk özbaşdak ýylylyk, suw, energoüpjünçilik ulgamlary, şeýle hem binanyň içinde has oňaýly howanyň saklanmagy üçin howa çalşyk ulgamy bilen üpjün edilendir.
Mekdebiň ýanynda açylan sport şäherçesi-de abadanlaşdyrylandyr. Ol ýerde sport ýaryşlaryny we türgenleşikleri geçirmek üçin futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, tennis meýdançalary ýerleşdirilendir.
Täze bina hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan guruldy, olaryň has tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.