Ï Türkmen küştçileriniň üstünlikleri – öýde we daşary ýurtlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçileriniň üstünlikleri – öýde we daşary ýurtlarda

view-icon 939
Şu gün paýtagtymyzyň küşt sport mekdebinde 10 we 14 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň iki bäsleşigi tamamlandy. Olara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ussat ýaş küştçiler gatnaşdylar.

Mundan başga-da, şu günler Wengriýanyň paýtagty Budapeştde dünýäniň onlarça ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesiniň gatnaşmagynda däbe öwrülen “First Saturday” halkara ýaryşy geçirilýär. Bäsleşikleriň tamamlanmagynyň bir tapgyr öň ýanynda türkmen küştçileriniň birnäçesi medallara dalaş edýärler. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli halkara ussatlaryň we grossmeýsterleriň toparynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orazly Annageldiýew ikinji orny eýeläp, mümkin bolan 10 uiukdan 7,5 utuk toplady, Saparmyrat Atabaýew bolsa häzirlikçe dördünji orunda /6,5 utuk/ barýar.

FIDE ussatlarynyň toparynda liderleriň hatarynda hem iki sany türkmen küştçisi – ikinji orunda Gurbangeldi Amangeldiýew /7,5 utuk/ we üçünji orunda Hurma Weliýewa /7 utuk/ bäsleşýärler. Gutarnykly netijeler 14-nji mayday jemlener.

Biziň türgenlerimiz eýýäm bu halkara ýaryşda “Rapid” görnüşinde tapawutlanmagy başardylar. Şunda 1 döw oýna her göçümden soň, 2 sekundyň goşulmagy bilen 15 minut berilýär. Halkara ussatlary doganlar Maksat we Ýusup Atabaýewler altyn we bürünç medallary bilen Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler.

Milli ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, bu ýerde netijeler şeýle görnüşe eýe boldy. 14 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda Mary welaýatynyň toparyndan Annagözel Mekanowa ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi E.Ýalkanowanyň şägirdi 16 utukdan 13 utuk toplady.

14 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Annaberdiýewiň şägirdi Soltan Myradow ýeňiş gazandy. A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy 13,5 utuk toplady.

10 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda Lebap welaýatynyň toparyndan Lola Şöhratowa ýeňiş gazandy. R.Gurbandurdyýewiň şägirdi ýeke gezek hem ýeňilmän, diňe 1 döwde deňme-deňlige razylaşyp, 14,5 utuk toplady. Oglanlaryň arasynda bolsa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Baýramsähedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýan aşgabatly Emin Kulyýew /14 utuk/ çykmagy başardy.

Indi Türkmenistanyň ýaryşynyň ýeňijilerine iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek galýar. Geljek aýda Gresiýada 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli okuwçylaryň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Iýul aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirilip, oňa biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary hem gatnaşar.

Şu ýylyň esasy küşt ýaryşlary awgust we sentýabr aýlarynda geçiriler. Tomsuň soňky aýynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde nobatdaky Bütindünýä küşt olimpiadasynyň medallary ugrunda bäsleşiler, güýzüň başynda bolsa Koreýanyň Inçhon şäherinde nusgawy Aziýa oýunlary geçiriler.