Ï Jemleýji ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemleýji ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

view-icon 962
Aziýanyň futbol konfederasiýasy AFK-niň prezidentiniň Kubogy ugrunda jemleýji ýaryşa gatnaşyjylaryň düzümini köpçülige ýetirdi. Ähmiýeti boýunça futbol toparlarynyň yklym möçberinde üçünji derejeli baýrak ugrundaky ýaryşda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary bilen birlikde “Sheikh Russel Krira Chakra” /Bangladeş/, “Sri Lanka Air Force” /Şri-Lanka/, “Manang Marsyandi Club” /Nepal/, “Erchim” /Mongoliýa/ we AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan “Rimyongsu” /KHDR/ bäsleşerler. Bu düzüm üç toparlaryň ählisinde saýlama ýaryşlary tamamlanandan soň, mälim boldy. Olarda her topardan iň oňat iki komanda ýaryşyň jemleýji bölegine çykdy.

Filippinleriň Bakolod şäherinde geçirilen “W” toparynyň saýlama ýaryşynda ýeňiji bolmagy başaryp, Türkmenistanyň dört gezek çempiony HTTU Aziýanyň futbol toparlarynyň baýragy ugrundaky ýaryşlaryň aýgýtlaýjy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu üstünlige tarap ýolda R. Meredowyň türgenleri “Tatung Company” /Taýwan/ toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy, KHDR-iň “Rimyongsu” topary bilen deňme-deň oýnady-1:1, jemleýji duşuşykda “Ceres La Salle” /Filippinler/ toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

AFK-niň prezidentiniň Kubogy ugrundaky jemleýji ýaryş şu ýylyň sentýabrynda geçiriler. Onuň geçiriljek ýeri biraz soňra kesgitlener.

Türkmen futbol toparlarynyň içinde ilkinji bolup AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny geçen ýyl Balkanabadyň “Balkan” toparynyň eýeländigini ýatlap geçeliň. Ol şonda jemleýji duşuşykda Malaýziýadaky bitarap meýdançada Pakistanyň çempiony “KRL Football Club” toparyny 1:0 hasabynda utupdy.