Ï Hasyl bolan arzuwyň dabaralanmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyl bolan arzuwyň dabaralanmagy

view-icon 945
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýene-de bir uly ählihalk dabarasynyň – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bosagasynda dur. Bu baýramçylyk özygtyýarly, azat we rowaçlanýan döwlet baradaky arzuwyň – zehinli şahyryň örän täsirli goşgularynda joşgunly wasp edilen arzuwyň hasyl bolmagynyň ajaýyp nyşany hökmünde türkmen halkynyň taryhyna mydamalyk girdi. Hut şol gün Türkmenistan öz Konstitusiýasyna – döwletliligiň esasy nyşanyna eýe boldy, şonda halkymyzyň müdimilik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.

Şu ýylda ählihalk baýramçylygy has giň gerim bilen bellenilýär. Şanly senelere – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň nobatdaky senesine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp köpsanly çäreler guralýar. Bularyň arasyndan köpsanly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we bäsleşikleri, sergileri we konsertleri görkezmek bolar. Bu çäreler türkmenistanlylaryň, aýratyn-da ýaş nesliň watançylyk we ruhy terbiýesine gönükdirilendir.

10-njy maýda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi tarapyndan guralan döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göwnejaý durmuşda ösüşe eýe bolýan häzirki zaman milli sungaty bilen tanyşdyryldy. Sergide heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, fotosuratçylaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşanlaryň işleri görkezildi.

Şu günler Magtymguly Pyragynyň paýtagtymzdaky seýilgähinde ýerleşýän ýadygärliginiň ýanynda beýik şahyryň we akyldaryň ýubileýine bagyşlanan dabaralar, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralýan sazly we şygryýet agşamlar geçirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan guralýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet unisersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlar-mugallymlar düzüminiň arasynda guralan “Ýylyň mugallymy” atly döwlet bäsleşigi tamamlandy.

Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgelere ýugrulan döredijilik mirasy diňe bir halkymyzyň däl-de, dünýäniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, “TÜRKSOÝ” atly Halkara türki medeniýet guramasy tarapyndan şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Beýik türkmen şahyryny türkmennistanlylar bilen birlikde, dürli ýurtlarda onuň döredijiliginiň köp sanly muşdaklary hormatlaýarlar.

Ankarada we Stambulda (Türkiýe), Minskide (Belarus Respublikasy), Almatyda (Gazagystan). Kiýewde (Ukraina), Seulda (Koreýa Respublikasy), Sankt-Peterburgda (Russiýa), Buharada (Özbegistan), Duşenbede (Täjigistan), Yslamabatda (Pakistan), Kluž-Napokada (Rumyniýa), Bakuda (Azerbaýjan), Ženewada (Şweýsariýa), Tähranda we Maşatda (Eýran) hem-de dünýäniň beýleki şäherlerinde görnükli alymlaryň, edebiýaty öwrenijilleriň, jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň eserleriniň türkmen we dünýäniň beýleki dillerinde täze ýygyndylary bilen tanyşdyryş dabaralary, sergiler hem konsertler guraldy.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň uly wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna –beýik türkmen nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat etdiler. Bu wekiliýetiň düzümine medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri goşuldy.

Aktokaý obasynda geçirilen dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň resmi toparlarynyň, Gülüstan welaýatynyň ýolbaşçylygynyň, giň jemgyýetçiligiň, kowçum bolup ýaşaýan köpsanly türkmenleriň wekilleri we Eýranyň döredijilik işgärleri hem gatnaşdy. Ýygnananlar öz çykyşlarynda däbe öwrülen bu çäräniň Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürildmegine ýardam berjekdigini hem-de şunda gumanitar ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli bolup durýandygyny bellediler. Eýranda Magtymgulynyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar, onuň ajaýyp döredijiligi türkmen halkynyň dünýä derejesinde belent at-abraýa hem-de diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem dünýäniň beýleki halklarynyň milli düşünjeliligini baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolmagyna degerli ýardam berdi.

13-nji maýda dabaralar Balkan welaýatynda dowam etdi. Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda – türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň dogduk obasynda şygryýetiň, folkloryň, halk döredijiliginiň uly baýramçylygy boldy. Däp bolşy ýaly, bu ajaýyp daglyk ýerde “Ynsan kalbynyň aýdymçysynyň” döredijiliginiň köpsanly muşdaklary – ylym, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar, halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylar we sazandalar ýygnandylar.

Bu baýramçylyk Magtymguly Pyragynyň medeni -- ýadygärlik toplumynyň we muzeýiniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgalar Balkan welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Hilal Mermer” hususy kärhana tarapyndan gurlar. Olary 2015-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy.

Soňra Magtymgula bagyşlanan muzeýiň ýerleşýän meýdançasynda türkmen şygryýetiniň beýik şahyrynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Şahyryň dürli suw çüwdürimleri bilen gurşalan ýadygärligi döredijileriň geljekki nesillleri üçin egsilmez çeşme hökmünde, şygryýetiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Baýramçylyga gatnaşyjylar Magtymgula bagyşlanan muzeýdäki zatlar bilen tanyşdylar. Muzeýdäki gymmatlyklar onýyllyklaryň dowamynda toplandy. Bu ýerde şahyryň dürli asyrlarda dürli dillerde neşir edilen kitaplary köp. Wagtyň geçmegi bilen, saralan sahypalarda şahyryň goşgulary arapça, latynça we slawýan kirillisasynda ýazylypdyr. Dürli milletler üçin ebedi umumadamzat gymmatlyklaryny wasp eden ynsanperwer we akyldar türkmen şahyrynyň döredijiligi bilen tanyşmak üçin, bu kitaplar tutuş dünýädäki adamlar tarapyndan okalypdyr. Şeýle hem bu ýerde şahyryň ömrüne we döredijilik ýoluna bagyşlanan edebiýat, özlerini Pyragynyň şägirtleri hasaplan türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserleri toplanypdyr.

Muzeýiň has gymmatly eksponatlarynyň arasynda hut Magtymgulynyň durmuşyna gös-göni degişli bolan zatlar bar. Bularyň arasynda rowaýata görä, zergärçilik sungatyndan oňat baş çykaran Magtymgulynyň söýgülisi Meňli üçin taýýarlan kümüş ýüzügi hem-de şahyryň Hindistandan syýahatdan dolanyp gelende uýasy Zübeýda getiren nepis çäýnegi bar. Muzeýde şol döwre degişli zatlar – türkmen esgeriniň ýaragy, öý hojalygynda ulanylan zatlar, çyralar, gurallar, milli egin-eşikler, ajaýyp şaý-sepler bar, bular Magtymgulynyň döwri barada söz açýar.

Dabaraly çäreler Gerkez obasynyň golaýynda, daglyk we miweli baglaryň gülläp ösýän ýerine dowam etdi. Bu ýerde zergärler, halyçylar, suratkeşler myhmanlary öz sungaty bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem türkmenleriň gadymy durmuşyna bagyşlanan sergiler guraldy, hususy toplumlar, amaly-haşam sungatyna degişli täsin nusgalar görkezildi. Açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançasynda täsirli tomaşa görkezildi. Edebi eserler boýunça düzülen sahnalar, milli oýunlar we sport bäsleşikleri, adatlar we edim-gylymlar, folklor toparlarynyň we halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylaryň çykyşlary, sazlar, tanslar – bularyň ählisi baýramçylygyň täsirliligini has-da artdyrdy. Şol gün irden başlap, giç agşama çenli goşgular ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar beýik Pyragynyň watançylygyň beýik ruhuna ýugrulan we söýgä bagyşlanan goşgularyny okadylar.

Ýeri gelende aýtsak, Agzybirlik, Galkynyş we Magtumguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, ýurdumyzyň Bilim ministrligi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýalarynyň birnäçesi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki çeper keşp” atly döredijilik bäçleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak bilen bagly çäre geçirildi.

14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan konstitusion özgertmeleriň taryhy ähmiýetine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlara bagyşlandy. Oňa milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň we institutlaryň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hem-de Milli gozýazmalar institutynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatdaky çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Garaşsyz döwletimiziň berk hukuk binýady bolup, halkyň köp asyrlaryň dowamyndaky arzuw-isleglerini, milli jebislik we agzybirlik, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, garaşsyzlyk, watançylyk, demokratiýa baradaky düşünjelerini beýan edýändigi bellenildi. Esasy Kanunda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi hem ebedileşdirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlara göwnejaý durmuşy we bagtyýar geljegi kepillendirýär.

2008-nji ýylyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi we munuň özi möhüm ähmiýetli taryhy özgertmeleriň kanunçylyk tertibindäki göwnejaý beýanyna öwrüldi. Şol özgertmeler bolsa häzirki döwürde türkmen döwletiniň ösüşini häsiýetlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda döwlet gurluşy boýunça ýurdumyzda hem-de dünýäde toplanan iň oňat tejribe, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslary jemlenilip, durmuşdaky wezipeleriň berjaý edilmegini hem-de bazar ykdysadyýetine geçilmegini ugur edinýän demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň wajyp ähmiýetli wezipeleri kesgitlenýär.

Çykyş edenler Magtymgulynyň öz döredijiliginde ata Watanymyza, halka we tutuş adamzada söýgi ýaly müdimilik gymmatlyklary joşgunly wasp edýändigini aýratyn bellediler. Häzirki wagtda beýik şahyryň belent pelsepewi hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen döwletliliginiň özenine goşulyp, halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda joşgunly ylham çeşmesine öwrüldi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatda öz beýanyny tapýar.

Şu synymyzy dowam edip, 15-nji maýda Aşgabatda öz işine başlaýan “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyň şanly senäniň baýramçylygy bilen bagly esasy çäreleriň birine öwrüljekdigini belläsimiz gelýär. Maslahata Ýewropanyň we Aziýanyň, GDA döwletleriniň, dünýäniň iri halkara ylmy merkezleriniň tanymal alymlary, edebiýatçylar hem-de şahyrlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşar.

Şol gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde beýik şahyryň we akyldaryň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitirendigi üçin Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp bolanlaryň, “Magtymguly Pyragy” medalyna eýe bolan ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň sylaglanmagyna bagyşlanan dabara bolar. Şol gün belent Maslahat köşgüniň sahnasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bolar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler minisrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri: hukuk döwletini gurmak boýunça milli tejribe” atly halkara maslahat bolar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan bu maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň alymlary, syýasaty öwrenijileri, jemgyýetçilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, birnäçe daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Şol gün jemgyýetçilik guramalarynyň binalar toplumynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan zenan şahyrlaryň arasynda şahyrana bäsleşigi geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende aýtsak, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ruhuny äşgär edýän köpsanly täze binalar ulanmaga berler. Şeýle hem ýurdumyzyň teatrlary bu şanly baýramçylyga bagyşlap taýýarlan oýunlaryny görkezerler, şolarda ata-babalarymyzyň asyrlarboýy Watanymyza beýik söýgüsiniň we ygrarlylygynyň mukaddesligi hasaplanýan ruhy mirasymyz wasp edilýär.

Irden 18-nji maýda Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ajaýyp gül desseleri goýlar. Bular Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslarynyň mizemezligini, onuň demokratik ýörelgelerini hem-de köpasyrlyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýän däp-dessurlaryny alamatlandyrýar.

Ajaýyp baýramçylyk “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada we “Ylham” seýilgähindäki sahnaly meýdançalarda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler, şanly senä bagyşlanan uly dabaralar bilen jemlener. Şeýle hem “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň tanymal artistleriniň, estarada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti guralar. Olaryň çykyşlarynda täze taryhy eýýamda gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň bagtyýar durmuşy üçin ähli türkmenistanlylaryň kalplaryndaky minnetdarlyk sözleri beýan ediler.