Şu gün Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynda welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň işgärleri tarapyndan bina edilen täze sport mekdebini ulanmaga bermek dabarasy boldy.
350 orunlyk täze binanyň giň zallarynda sport ussatlygynyň tälimlerini ele almak üçin, dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge niýetlenen ähli şertler döredilipdir. Binanyň zallarynyň 5-si woleýbol, basketbol, boks, göreş we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin häzirkizaman türgenleşik enjamlary, sport abzallary bilen üpjün edilipdir. Mekdepde özbaşdak ýyladyş-sowadyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Egin-eşik çalşyrylýan, lukmançylyk, dynç alyş otaglary hem türgenleriň ygtyýarynda bolar.
Sport mekdebiniň çäklerinde dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin oňat enjamlaşdyrylan açyk woleýbol, basketbol, futbol, ýeňil atletika meýdançalary, tennis kortlary we ylgaw ýodajyklary gurnalypdyr. Sport şäherjiginiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, agaç nahallary oturdylypdyr.
Häzirkizaman sport mekdebiniň açylyş dabarasy baýramçylyk aýdym-sazlary, tanslar, ýaş türgenleriň çykyşlary bilen utgaşdy. Baýramçylyga laýyk görnüşde bezelen mekdebiň öňündäki meýdançada şu dabara gatnaşýan welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba ýaşaýjylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şeýle hem binanyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylar ýygnandylar. Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Sport mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy, ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeň ösdürmek, ýokary netijeli sportuň häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmek boýunça alyp barýan öňden görüjilikli syýasaty üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde häzirkizaman sport desgalary bina edildi we olaryň gurluşygy dowam edýär.
Şu gün Etrek etrabynyň merkezinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany» durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Ir bilen täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň iki gatly binasynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançasynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Körpeleriň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar, goşgular ýaňlanýar.
Şanly waka mynasybetli bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşululur, köp sanly oba ýaşaýjylary ýygnandylar. Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň adyna Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän iri möçberli işleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Günbatar welaýatyň durmuş maksatly desgalarynyň üstüni ýetiren çagalar şäherjigi biziň ýurdumyzda şunuň ýaly binalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Onda ýaş nesliň sazlaşykly terbiýe almagy üçin ähli zerur şertle döredilipdir. Bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.
Çagalaryň 100-sine niýetlenen täze binalar olaryň ýaş aýratynlyklary boýunça döwrebap enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan zallar, amatly ýatylýan otaglar bar. Okuw otagynda körpeleriň diňe bir göwnejaý terbiýe almagy üçin däl-de, eýsem olary mekdebe taýýarlamak, daşary ýurt dillerini öwretmek, kompýuter sowatlylygynyň esaslaryny, surat çekmegi öwrenmegi üçin ähli oňaýly şertler göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem çagalar bagynda giň mejlisler zaly, naharhana, binanyň durmuş üpjünçiligi üçin beýleik kömekçi jaýlar bar. Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäklerinde telärler, hiňňildikler oturdylypdyr, oýun oýnalýan meýdançalar gurnalypdyr.
Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *