Türkmenistanyň Adalat ministrliginde “Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy we döwlet gurluşynyň konstitusion esaslary” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukulary baradaky milli institutyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri çagyryldy.
Maslahatda çykyş edenler ХVIII asyrda ýaşap geçen we ajaýyp eserleri döreden Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry bolman, eýsem ol täze durmuş ideýalaryny hem wagyz edijidir diýip bellediler. Ol edebiýatyň mazmunyny umumy türkmen watan söýji, azatlyk we özbaşdaklyk ideýalary bilen baýlaşdyrdy. Magtymguly durmuşyň iň gymmatly zady hökmünde jemgyýetçilik ylalaşygyny, adamlaryň arasynda özara düşünişmegi we dostlugy wagyz edipdir. Ol özüniň çuň manyly sözleri bilen halky adamkärçilikli, edermen, zähmetsöýer, dogruçyl we mylakatly bolmaga çagyrypdyr.
Ylmy-teoretiki taýdan Magtymgulynyň döwlet we hukuk baradaky garaýyşlaryny seljermek bilen, çykyş edenler döwlet we jemgyýetçilik gurluşlary barada durup geçdiler. Aýratyn üns adamyň şahsyýetini, adamlaryň deňhukuklylygyny, döwletiň özbaşdaklygyny iň gymmatly zat hökmünde öňe sürýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyna berildi. Şonuň üçin hem 18-nji maýda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günnüiň bilelikde bellenilmeginiň örän uly manysynyň bardygy bellenilip geçildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dutarçylar toparynyň çykyşlary ylmy maslahata gatnaşyjylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Şahyryň dürli dillere terjime edilen goşgulary joşgunly ýaňlandy. Eýwanda ýaýbaňlandyrylan kitap we halk-amaly sungatynyň sergisi bu ýere ýygnanlarda uly gyzyklanma döretdi.