Ï Owadanlygyň, sagdynlygyň we gujurlylygyň baýramçylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owadanlygyň, sagdynlygyň we gujurlylygyň baýramçylygy

view-icon 821
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp şahyryň dogduk obasynda – Gerkez obasynda sportuň milli görnüşleri boýunça köpçülikleýin bäsleşikler geçirildi

Asyrlaryň dowamynda dessurlary we düzgünleri dowam etdirilýän, göreş meýdançasynda berk düzgüni we täsinligi döredýän türkmen göreşi owadanlygyň, sagdynlygyň we gujurlylygyň hakyky bezegine öwrüldi. Oňa Ahaldan, Lebapdan, Balkandan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde derejeli pälwanlar we bu pälwançylyk oýnunyň ýaş janköýerleri gatnaşdylar. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligi we sport komiteti bu owadan bäsleşigiň guraýjylary bolup çykyş etdiler.

Bu milli göreşiň bäsleşigine tomaşa etmek üçin Gerkez obasyna ýakyn ýerde ýerleşýän obalarda müňlerçe adam geldi. Janköýerleri bäsleşige gatnaşýanlardan tapawutlandyrmak kyn boldy: olaryň her biri göreş geçirilýän meýdança giripmeşhur pälwanlar bilen öz güýçlerini synamak islediler. Bu ýere ýygnan tomaşaçylar pälwanlaryň her bir ulanan göreş tilsimlerine uly şowhun we el çarpyşmalar bilen goldadylar.

Şular ýaly geçirilýän bäsleşikleriň köpüsinde tapawutlanmagy başaran Magtynguly şäherçesiniň ýaşaýjylary Daýanç Orazmuhammedow we Tirkeş Orazgeldiýew gürrüňsiz ýeňiji bolmagy başardylar. Olar degişlilikde ikinji we üçünji orny eýeläp, her biri tokly baragyna mynasyp boldular.

Birinji ýer üçin bolan başa-baş tutluşyk bu bäsleşigiň iň ýokary derejesi boldy. Bäsdeşleriň sport dartgynlylygy boýunça özlerine taý tapylmadyk we barlyşyksyz duşuşygy Serdar şäherinden gelen Orazaly Rejepalyýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Tomaşaçylar pälwanyň ýeňşini gürrüldili el çarpyşmalary, şonuň bilen bir wagtda hem düýe maly bolan ajaýyp iner baýragy bilen gutladylar.