Biziň türgenlerimiziň hakara derejesindäki ýaryşlarda görkezýän ýokary netijeleri bizi guwandyrýar. Ozal habar berlşi ýaly, 18-nji maýda biziň ildeşimiz Perman Işanow şotokan-karate boýunça 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda 70 kilograma çenli agram derejesinde Baku şäherinde geçirilen “Hazaryň Kubogy” halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da türkmen türgenleri uly ýaşlylaryň toparynda we söweşjeň sungatyň bu görnüşi boýunça weteranlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde hem sylaglaryň ikisini aldylar.
Azerbaýjanyň paýtagtyna Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 1 müňden gowragy ýygnandy. Ulularyň arasynda 67 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Amanguldi Bäşimow bürünç medala mynasyp boldy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýene bir agzasy Zakirbek Ýuldaşow hem 35-44 ýaşly weteran türgenleriň toparynda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy.
Indi türkmen türgenleri geljek aýda Izmir (Türkiýe Respublikasy) şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Ýewropanyň çempionatyna taýýarlanýarlar. Ýeri gelen aýtsak, biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary Aziýa yklymynda bu ýaryşlara gatnaşýan ýeke-täk topar bolar, sebäbi Türkmenistanyň karate-do boýunça federasiýasy karate boýunça Ýewropanyň federasiýasynyň düzümine girýän ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk sport guramasydyr.
Şeýle hem şu günler Azerbaýjanyň paýtagtynda boks boýunça ýene bir halkara ýaryşy geçirilýär, onda ýurdumyzyň wekili altyn medala mynasyp boldy.
Ýaryşlar “Olimpiýa” spor toplumynda geçirildi. Bu bäsleşiklere 10 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ýetginjekleriň arasynda 57 kilograma çenli agramda çykyş eden Muhammet Berdibaýew ýeňiji boldy. Ol bäsleşikleriň 4-sini geçirip, olaryň hemmesinde hem ynamly ýeňiş gazandy.
Tomus paslynda boks boýunça biziň ýygyndy toparymyz sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhoý şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görerler.
Şu günler paýtagtymyzyň sport toplumlarynda geçirilen milli derejedäki ýaryşlaryň hatarynda gandbol boýunça ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ilkinji tapgyrynyň geçirilendigini görkezmek bolar, oňa ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşdylar.
Toparlaryň ikisinde hem paýtagtymyzyň türgenleri ilkinji orunlary eýelediler, bürünç medallara bolsa maryly gandbolçular mynasyp boldular. Ýetginjekleriň arasynda Balkan welaýatynyň topary ikinji orna, gyzlaryň arasynda bolsa Lebap welaýatynyň topary ikinji orna eýe boldular.
Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ikinji tapgyry şu ýylyň güýzünde geçiriler.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky oýunlary geçirildi. Türkmenabat şäherinde “Bagtyýarlyk – Lebap” bilen Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynyň arasyndaky bäsleşikde myhmanlar 6:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, çempionatyň ikinji ornuna çykdylar, indi balkanly futbolçular birinji orunda barýan Aşgabadyň “Altyn Asyr” toparyndan diňe 5 utuk yzda barýarlar.
Häzirki wagtda futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşmak üçin Maldiw adalaryna ugradylar. Ähmiýeti boýunça yklym derejesinde ikinji orunda durýan bu ýaryşlara bijä laýyklykda iki topara bölünen ýygyndy toparlaryň sekizisi gatnaşar. Türkmen futbolçulary Laosyň, Owganystanyň we Filippinleriň toparlary bilen “B” toparda güýç synanyşarlar. Her topardan iň güýçli ýygyndy toparlaryň ikisi ýarym finala çykar. AFK-nyň Kubogyna mynasyp bolan ýygyndy topar 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazanar.
21-nji maýda Aşgabatda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda basketbol boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyry badalga alýar. Bu bäsleşikler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçiriler. Ikinji tapgyryň ýeňijileri 25-nji maýda belli bolar.
Lebap welaýatynyň merkezindäki ýöriteleşdirilen 2-nji sport mekdebinde 22-24-nji maý aralygynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler, oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşar.
Erkin göreş boýunça türkmen türgenleriniň awgust aýynda Hytaýyň Nankin şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň II Bütindünýä olimpiadasynda çykyş etmäge hukuk gazanandygyny ýatladýarys.