Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň çagyryş kubogynyň Maldiw adalarynda badalga alan final ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary ilkinji duşuşykda Laosyň toparyny 5:1 hasaby bilen ýeňdiler.
Ähmiýeti boýunça ikinji yklym baýragy ugrunda geçirilýän ýaryş hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi onuň eýesi 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň final ýaryşynda “D” toparynda Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň we Yragyň komandalaryna goşular.
AFK-nyň çagyryş kubogy ugrunda iki topara bölünen komandalaryň sekizisi bäsleşýär. Atylan bijä laýyklykda Laosyň, Owganystanyň we Filippinleriň ýygyndy toparlary bilen “B” toparyna düşen Türkmenistanyň ýygyndy toparyny daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri ýaryşyň öňdebaryjylary diýip atlandyrýarlar. Olar ýaryşlaryň soňky ikisinde biziň watandaşlarymyzyň finala ýetendigini ýatladýarlar. Şonda biziň futbolçylarymyz çekeleşikli bäsleşikde, şol sanda 11 metrlik jerime urgularynda KHDR-den bolan bäsdeşlerinden ýeňildi.
AFK-nyň çagyryş kubogynyň häzirki final ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy topary baryp ýanwar aýynda taýýarlyk görüp başlady. Olar Türkiýede we Katarda 5 aýyň dowamynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler. Laosyň komandasy bilen duşuşygyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynda biziň ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Rahym Gurbanmämmedow ýaryşda ýeňiş gazanmak üçin ähli toparlaryň birmeňzeş mümkinçilikleriniň bardygyny bellän bolsa, Laosyň ýygyndy toparynyň ýapon tälimçisi Norio Sukitate duşuşygyň netijesi barada pikirini beýan edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde güýçli futbolçylaryň oýnaýandygyny belledi.
Ilkinji oýun türkmenistanlylar üçin ýeňil bolmady. Saýawuthi Kamphengiň oýnuň 34-nji minudynda pökgüni dörwezä dürs gönükdirmegi netijesinde laoslylar 1:0 hasabynda öňe saýlandylar. Emma bu biziň futbolçylarymyzy ruhdan düşürmedi we oýnuň 42-nji minudynda Döwlet Baýramow hasaby /1:1/ deňledi.
Arakesmede biziň toparymyzyň tälimçileri başlangyç düzüme düýpli üýtgetmeleri girizdiler we oýnuň ikinji ýarymy türkmen futbolçylarynyň hüjümleri bilen başlady. Oýnuň 50-nji minudynda laoslylar öz jerime meýdançasynda oýnuň düzgünini bozdular we Koreýa Respublikasyndan duşuşygyň arbitri – FIFA-nyň emini Ko Hýung Ji 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Ony Didar Durdyýew takyk amala aşyrdy. Hasaby 2:1-e ýetirmek bilen Türkmenistanyň topary depginini gowşatmady we oýnuň 55-nji minudynda burçdan depmek hukugyna eýe boldy. Umytjan Astanow burçdan urgyny usatlarça ýerine ýetirensoň, laoslylaryň derwezebany aýlawly urgyny saklap bilmedi we pökgüni öz derwezesine goýberdi.
Oýun soňra hem biziň futbolçylarymyzyň agdyklyk edýän artykmaçlygynda geçdi. Şeýle-de bolsa laoslylar ýeňlişi boýun almak islemeýärdiler we howply hüjümleriň birnäçesini geçirdiler. Ýöne bu pursatlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň derwezebany Nikita Gorbunow öz ussatlygyny görkezdi.
Ýurdumyzyň ýygyndysynyň derwezeçisiniň ynamly oýuny topardaky ýoldaşlaryna täsir etmän bilmedi. Olar Laosyň ýygyndysynyň derwezabanyny barha ýygy-ýygydan alada goýdular. Ätiýaçlykdan oýna giren Farhat Italmazow meýdançanyň sag gyrasynda oýny has-da ýiteltdi. 85-nji minutda nobatdaky hüjümleriniň birinde ol garşydaşy bilen göreşde çylşyrymly ýagdaýda Didar Durdyýewe pökgüni geçirmegi başardy. Döredilen ajaýyp pursatdan peýdalanyp, ol derwezä gysga aralykda pökgini tora saldy hem-de öz hasabyna ikinji pökgini ýazdy. Ýene-de iki minutdan soň bolsa Bahtyýar Hojaahmedow tapawutlandy. Jerime meýdançasynyň çyzygynda emele gelen göreşde garşydaşyň goragçysyndan pökgini alyp, ol çüňk tarapdan güýçli urgusyny urup, derwezäniň ýokarky burç tarapyndan tora pökgini geçirmek bilen Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň peýdasyna duşuşygy gutarnykly hasaba--5:1 ýetirdi.
“Birinji oýun hemişe örän agyr, çünki netije has möhüm” diýip, oýundan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi R.Gurbanmamedow aýtdy. Ol şeýle hem oýny güýçlendirmek üçin toparynyň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Indiki duşuşyklara taýýarlananda bu dogrusynda pikir ediljekdigini ol nygtady.
Ýaryşyň başynda ajaýyp ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndysy üç utuk bilen “B” toparynda ýaryşyň sanawynyň öňdebaryjysyna öwrüldi. Owganystanyň we Filippinleriň özaralarynda duşuşyklaryny deňme-deň 0:0 hasabynda tamamlamaklary netijesinde olaryň her biriniň 1 utugy bar. Laosyň heniz hiç hili utugy ýok.
AFK-nyň çagyryşy Kubogy ugrundaky jemleýji ýaryşda gazanylan her bir utugyň gymmaty örän ýokary, şoňa görä-de toparlar tä jemleýji jürlewük çalynýança göreşýärler. Muňa “A” toparynyň birinji tapgyr oýunlary aýdyň şaýatlyk etdi. Şonda iki duşuşykda ýeňijiler eminiň esasy wagta goşan goşmaça wagtynda kesgitlendi. 91-nji minutda derwezä geçirilen ýeke-täk pökgi netijesinde Palestinanyň ýygyndy topary Gyrgystanyň toparyndan üstün çykmagy başardy. Maldiw adalarynyň we Mýanma toparlarynyň duşuşygynda bolsa derwezä soňky pökgüler 95-nji we 96-njy minutlarda geçirildi. Şunda ýer eýelerine ýeňlişden gutulmak başartmady. Şeýlelikde “A” toparynda birinji tapgyr oýunlardan soň Mýanmanyň we Palestinanyň ýygyndylarynyň her biri 3 utukdan toplap, öňe saýlandylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, her topardan iň gowy komandalaryň ikisi ýarym finala çykar. Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň indiki duşuşygyny Owganystanyň toparynyň garşysyna geçirer. Bu topara ýaryşda germaniýaly hünärmen Erih Rutemoller ýolbaşçylyk edýär.