Ï “Demokratiýa we hukuk” we “Türkmen arhiwi” žurnallarynyň nobatdaky sanlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demokratiýa we hukuk” we “Türkmen arhiwi” žurnallarynyň nobatdaky sanlary

view-icon 1470
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sanyny çapdan çykardy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalara beslendi. Şol döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşygyň maslahaty geçirildi we onuň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň nobatdaky sany milli Liderimiziň şol mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar. Şol çykyşda milli kanunçylygy kämilleşdirmekde Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň mynasyp goşant goşandyklary bellenilýär, şeýle hem türkmen parlamentarileriniň ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


Neşiriň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşy çap edildi. Şol mejlisde türkmen döwletiniň 2013-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi hem-de döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda şu ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Žurnalda çap edilen makalalaryň arasynda “Demokratiýanyň giň ýoly bilen belent sepgitlere tarap” atly makala hem bar. Onda häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işiniň esasy ugurlary şöhlelendirildi. Awtoryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň dünýäniň hukuk giňişligine ýurdumyzyň üstünlikli goşulmagy üçin milli kanunçylygymyza halkara hukuk kadalaryny we standartlaryny ornaşdyrmaga uly üns berilmelidigi, şu nukdaýnazardan hem adam hukuklaryna çäksiz hormat goýlup, raýatlaryň bähbitlerinden ugur alýan ýurdumyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň döredilmelidigi barada aýdan sargytlary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kanun çykarylylyk işinde ýol görkeziji bolup durýar.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeler” atly makalada bolsa soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň üstünlikli ösýändigine şaýatlyk edýän esasy makroykdysady görkezijiler getirilýär. Makalada milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilendigi nygtalýar.

Okyjylaryň dykgatyna beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan makala hem hödürlenilýär. Makalada beýik şahyryň milli we dünýä edebiýatyny baýlaşdyran Watan, döwlet we jemgyýet hakyndaky pikirleriniň, berkarar türkmen döwletini gurmak baradaky arzuwlarynyň häzirki döwürde hasyl bolandygyna aýratyn üns berilýär. Awtor şeýle hem adam hakdaky aladanyň, raýatlyk agzybirliginiň we jebisliginiň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady strategiýanyň aýdyň netijeleridigini nygtaýar.

Ilaty durmuş taýdan goramak, şol sanda eneligi we çagalygy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda her bir maşgalanyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça netijeli ädimler ädilýär, ösüp gelýän nesli mynasyp terbiýelemek üçin ähli şertler döredilýär. Şunda bu ugurda döwletimiziň tagallalaryny hukuk taýdan goldamaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň esasy düzgünlerini şöhlelendirýän makala çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, daşary syýasatyň esasy ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde diplomatiýa möhüm orun degişlidir. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şol gatnaşyklar bolsa deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýar. “Milli diplomatiýanyň taryhy kökleri we Garaşsyzlyk eýýamyndaky üstünlikleri” atly makala hut şu meselä bagyşlanýar. Şol makalada awtor resminamalaýyn çeşmelere salgylanyp, türkmen diplomatiýasyna mahsus bolan häsiýetli aýratynlyklar barada gürrüň berýär.

Neşirde şeýle hem telekeçilik işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, neşekeşlige garşy göreşmegiň durmuş we guramaçylyk-hukuk meseleleri baradaky makalalar çap edildi.

“Senenama” diýen sözbaşy astynda Aşgabatda abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hukuk ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri boýunça geçirilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dürli maslahat baradaky gysgaça synlar ýerleşdirildi.

Suratlar bilen bezelen žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi.

* * *

Şeýle hem golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-dokumental, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny we arhiw gullugyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çeken Permanlaryna syny bilen açylýar. Şo ýerde “Resmi maglumatlar” rubrikasynda “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakynda Düzgünnamanyň täze redaksiýalary ýerleşdirildi.

Žurnalyň okyjylary täze neşirler, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” kitaby, milli Liderimiziň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň nobatdaky altynjy jildi, şeýle hem “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň altynjy kitaby barada gürrüň berýän makalalar we habarlar bilen tanşyp bilerler.


“Bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeleri” atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilen makalalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolandygy hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, aň-bilim we ruhy kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygy bellenilýär.

Dokumental çeşmelere we mälim bolmadyk maglumatlara esaslanýan ylmy makalalar hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Olaryň hatarynda taryh ylymlarynyň doktory, professor, akademik, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri Bibi Pälwanowa, meşhur türkmen aktýory, kinorežissýor we ssenariçi Baba Annanow barada gürrüň berýän makalalar bar. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzda ilkinji mekdep ýaşyna çenli edaralaryň döredilmegi, Aşgabatdaky bagçylyk, bakja ekinçilik we ýüpekçilik mekdebiniň taryhy, Türkmenistanda welosiped sportunyň ösüşi we şekillendiriş sungatynyň baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.

Neşirde arhiw meselesi aýratyn orun eýeleýär. Dürli rubrikalaryň astynda ýerleşdirilen makalalaryň birnäçesinde Türkmenistanda arhiw işiniň ösüşiniň taryhy, Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň döwlet arhiwleriniň işi barada gürrüň edilýär. Şu ýerde okyjylara ýatyrylan, üýtgedilip guralan guramalaryň resminamalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmek boýunça döwlet arhiwleriniň işiniň guralyşy hem-de Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň raýatlarynyň durmuş-hukuk häsiýetli isleglerini ýerine ýetirmegiň tertibi baradaky makalalar hödürlenilýär.

Žurnalyň täze sanynda ozal neşir edilen “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplaryna goşmaça maglumatlar berilýär. Olarda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda gurban bolan türkmenistanlylaryň, şeýle hem ýeňiş bilen mähriban ojaklaryna dolanyp gelen we Watany gülledip ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çeken ildeşlerimiziň atlary ebedileşdirilýär. Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň işgärleriniň goşan uly goşantlary barada gürrüň berýän makalalar hem çap edildi. Olar özleriniň döredijilikli zähmeti bilen Ýeňşiň gazanylmagyna, ykdysadyýetiň we medeniýetiň gaýtadan dikeldilmegine, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berdiler. Şu ýerde Kiýewiň A.Dowženko adyndaky kinostudiýasynyň surata düşüriş toparynyň işi barada gürrüň berýän makala hödürlenilýär. Bu kinostudiýa ХХ asyryň gazaply kyrkynjy ýyllarynda Aşgabada göçürildi.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalarynyň köpüsi türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna bagyşlanýar Olaryň hatarynda Türkmenistanyň saz sungatynyň ussatlary Gurt Ýakup, Oraz Salyr, Nabat Nurmuhammedowa, Garly bagşy, Şamyrat Gurbannepesow, Tuwakgylyç Gurbannyýazow barada gürrüň berýän makalalar bar.

Türkmenistanyň Kinofotofono resminamalarynyň merkezi döwlet arhiwiniň gaznalaryndan alnan täsin suratlar toplumy hem okyjylarda gyzyklanma döreder.

Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edildi hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.