Ï Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň sport durmuşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň sport durmuşy

view-icon 897
Şu günler Lebap welaýatynda dürli sport çärelerini geçirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. 23-nji maýda Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalga aldy, Farap etrabynda bolsa ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin ýaryşlar we beýleki çäreler geçirildi. Esasy sport täzeligi Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinden gelip gowuşdy, ol ýerde dzýu-do boýunça halkara ýaryşy geçirildi we onda lebaply türgenler üstünlikli çykyş etdiler.

Ol ýaryşlara müňe golaý türgen gatnaşdy. Bäsleşik ýaş toparlarynyň dördüsi boýunça geçirildi. 15-16 ýaşly türgenleriň toparynda 42 kilograma çenli agramda çykyş eden Hakberdi Jumaýew altyn medala mynasyp boldy. Tälimçi G.Myradowanyň tälim beren bu türgeni geçiren tutluşyklarynyň 3-sinde hem doly ýeňiş gazandy.



Türkmenabat şäherinden ýene bir türgen Emin Baltaýew 12 ýaşa çenli türgenleriň toparyndan 30 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 7 tutluşyk geçirdi we olaryň 5-sinde, şol sanda ýer eýelerinden hem üstün çykdy. Netijede F.Hudaýberdiýewiň tälim beren türgeni 4-5-nji orunlary paýlaşyp, medal almaga golaýlaşdy, ol “Iň gowy tehnikasy üçin” we “Ýeňşe bolan erki üçin” diýen ýörite baýraklara mynasyp boldy. E.Baltaýew çykyş eden toparynda iň ýaş türgen boldy, emma ol has tejribeli türgenler bilen deň derejede bäsleşmegi başardy.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde boks boýunça halkara ýaryşynda hem biziň türgenimiz bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýakup Meredow bu halkara bäsleşiklerinde 56 kilograma çenli agramda çykyş edip, üçünji orny eýelemegi başardy.

Ol üç bäsleşik geçirip, Özbegistanyň we Türkiýäniň türgenlerinden üstün çykdy we ýarym finalda Gazagystanyň wekilinden ejiz geldi.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümine girýän türkmen boksçylary şu ýylyň sentýabrynda Koreýanyň Inçihon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna güýçli depginde taýýarlyk görýärler.

Ýakynlaşyp gelýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Farap etrabynyň 2-nji sport mekdebinde lebaply türgenleriň köpçülikleýin ýaryşlary we görkezme çykyşlary boldy. Ýüzlerçe türgenler woleýbol, basketbol, tennis, futbol, dzýu-do, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Geçen ýylyň sport netijeleri boýunça Farap etrabynyň ýurdumyzyň ähli etraplarynyň arasynda birinji orna eýe bolandygyny bellemelidiris. Bularyň ählisi 2-nji sport mekdebiniň ýokary derejeli tälimçileriniň zähmeti netijesinde mümkin boldy. Olaryň hatarynda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynda baýrakly orunlary eýelänler we ýeňijiler (A.Zaripowa, N.Izbasarow we beýlekiler), Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar (G.Haýytbaýewa) bar. Bu meşhur türgenler häzirki wagtda ýaş türgenlere öz ussatlyklaryny we tejribelerini berýärler, olar bolsa ýokary sport netijelerini görkezýärler.

Mysal üçin, ýakyn wagtda Daşoguz şäherinde pauerlifting boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi, onda Lebap welaýatynyň topary umumy toparlaýyn hasapda iň güýçli toparlaryň üçlügine girdi. A.Allaýarow 66 kilograma çenli agramda we I.Žandarewiç 53 kilograma çenli agramda birinji orunlara eýe boldular. Ondan başga-da, şol ýaryşlara Türkmenabat şäheriniň türgenleri kümüş medallaryň 3-sine we bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.



Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň pauerlifting bilen meşgullanýan türgenleri Gyrgyzystanda sentýabr aýynda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Lebaply türgenler Türkmenbaşy şäherinde baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular. Gündogar welaýatyň topary ikinji orunlaryň 4-sine we dürli aralyklara geçirilen ýaryşlarda üçünji orunlaryň hem 4-sine mynasyp bolup, umumy toparlaýyn hasapda iň gowularyň üçlügine girdi. Toparda kürekçiler S.Çenyýewa, D.Tuýebaýewa, T.Wilkowa we S.Starikow aýratyn tapawutlandylar, olaryň hersi baýrakly orunlaryň ikisine mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňýanynda Lebap welaýatynyň merkeziniň suw sport toplumynda ýurdumyzyň kubogyny almak üçin ýaryşlar geçiriler.

Şu gün Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Onda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň ýüzlerçesi medallar ugrunda bäsleşerler. Bu bäsleşikler bolsa öz nobatynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlarynyň biri bolar. Çempionatyň ýeňijileri 24-nji maýda belli bolar.



Şu günler öz welosipedinde ýer ýüzi boýunça syýahat edýän Italiýaly türgen Enzo Mazuççi Lebap welaýatynyň çäklerinden geçdi. Bu uzak möhletli welosipedli ýöriş geçen ýylyň iýul aýynyň ahyrynda türgeniň ýaşaýan şäheri Komodan başlandy. Enzo Mazuççi bu döwürde onlarça ýurduň – Germaniýanyň, Polşanyň, Gresiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň we köpsanly beýleki döwletleriň üstünden, ortaça bir gije-gündiziň dowamynda 130 kilometr ýoly geçendigi barada TDH-niň habarçysyna gürrüň berdi.

Syýahatçy türgeniň aýtmagyna görä, her bir ýurduň özboluşly gaýtalanmajak gözelligi bar, Türkmenistan hem onuň üçin myhmansöýerligi bilen aýratyn ýatda galar. E.Mazuççi biziň ýurdumyzyň ýollarynda welosipedçi türgenleriň örän köpüsine gabat gelendigini belledi.

Indi, italýan syýahatçysy Özbegistan, Gyrgyzystan, Hytaý we beýleki Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçer, soňra Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Günorta Amerikanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň çäklerinde ýoluny dowam eder. E.Mazuççi öz welosipedinde jemi 10 müň kilometrden gowrak ýol geçer.

Biz indiki makalalarymyzda Lebap welaýatynda geçirilýän sport bäsleşikleri baradaky gürrüňimizi dowam etdireris...