Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüniň badalga berilmegine az wagt galdy. Çagalaryň oňaýly we gyzykly dynç almaklaryny baş guraýjy bolup, däp boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi çykyş edýär. Umumylykda Gökderede her tomus möwsüminde çagalaryň 7 müň 95-si tomus kanikulynda dynç alyp bilerler. Mekdep okuwçylaryny 1 müň 800-e golaýy bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilerler.
Ministrlik we Türkmenistanyň Milli bilim instituty çagalar sagaldyş merkezleriniň, terbiýeçiler-mugallar we olaryň kömekçileri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iş tejribesini geçýän talyplary bien maslahatlaryň tapgyryny geçirdiler.
Öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini öwrenmek boýunça maslahat geçirildi. Bu özboluşly “halypaçylyk başlangyçlaryny” Daýanç“ we “Nebitçi” degişlilikde Awazada we Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň wekilleri geçirdiler. Olar we mekdepleriň tejribeli mugallymlary öz kärdeşleri bilen mugallymçylyk ussatlygynyň syrlary boýunça tejribe alyşdylar.
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÇSM ýolbaşçylarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda çagalaryň doly bahaly dynç almaklaryny guramaçylykly geçirmek üçin meselelere garaldy.
Çagalaryň beden taýdan ösmegine we saglyklaryny berkitmäge gönükdirilen meselelere hem aýratyn üns berildi. Munuň üçin ÇSM häzirki zaman sport binýady, düzüminde ýokumly maddalar boln doly bahaly iýmitlenmegi guramagyň binýady döredildi. Ýurduň çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklaryny guraýjylaryň inspeksion barlagynyň netijelerine garaldy.
Häzirki zaman sagaldyş merkezlerinde diňe bir orta okuw mekdepleriniň okuwçylary dynç alman, eýsem, ýöriteleşdirilen çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalar hem dynç alarlar. Olardan her ýyl tomusky dynç alyş möwsümini sagaldyş merkezlerinde geçirýän BAE Prezidenti, şeýh Zaid bin Soltan Al-Nahaýýan adyndaky “Döwletliler” köşgüniň okuwçylary hem bar. Ilkinji nobatda bu çagalara, ykbalyň emri bilen ata-ene howandarlygy bolmadyk, doly döwlet üpjünçiliginde bolan, aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alynan bu çagalara Gökederedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky ÇSM garaşýar. Tomsky dynç alyşyň soňky üç tapgyrnda olar “Çynar” we “Altyn damja” sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem Hazaryň kenarynda ýerleşýän Awazadaky “Arzuwda” geçirerler.
Häzirki wagtda ÇSM-i çagalary kabul etmäge taýýarlyk görýärler. Bu ýerlerde olara gyzykly we oňaýly dynç almak garaşýar. Ähli döredijilik, aň-paýhas we sport ugurlaryny öz içine alýan gurnak işleri ýola goýlar.
Dürli sagaldyş merkezleriniň toparlaryndan we terbiýeçilerinden ybarat bolan düzümde bilelikdäki mejlisleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Gökderedäki saaldyş merkezlerinde dynç alýanlaryň gyzykly çäreleri bilelikde geçirilmägine ýardam eder. Şeýleleik bilen, bu ýerde dynç aljak ýaşajyk çagalar dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirerler.
Däp bolşy ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminiň her bir tapgyrynda ýaş şahyrlaryň, suratkeşleriň, halyçylaryň, çeper okaýjylaryň, aýdymçylaryň, surata düşürijileriň, programmistleriň, el hünärlileriň, ýangyna garşy göreşijileriň, ýol hereketine gözegçilik edýän inspektorlaryň, ussalaryň arasynda dürli bäsleşikler guralar. Sportuň we milli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça merkezleriň arasynda bäsleşikler geçiriler. Meşhur şahyrlar we ýazygylar, kitaphana işgärleri, medeniýet we sungat işgärleri, sirkiň we teatrlaryň artistleri çagalaryň myhmanlary bolarlar. Olar çagalara dürli oýunlary we gyzykly sahnalary görkezerler. Şeýele hem sagaldyş merkezlerinde dynç aljak çagalara owadan ýerlere syýahat etmek, meşhur aýdymçylar we sazandalar bilen duşuşyklar garaşýar.
ÇSM tomusky dynç alyş möwsüminde tematiki çäreler yzygiderli geçiriler. Meselem, hemme ýerde bir gün ekologiýa temasyna bagyşlanar, beýleki gün – kitap söýüjilere, üçünji gün – taryhy we ülkäni söýüjilere bagyşlanar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýram edilmegi geçiriljek çärelerde aýratyn orna eýe bolar. Bu şanly wakanyň çäklerinde şahyrlaryň, suraty söýüjileriň we hudožnikleriň , çeper okaýjylaryň arasynda , beýik söz ussadynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň eserleri esasynda goýlan sahna oýunlarynyň bäsleşigi geçiriler.
Eýýäm häzirki wagtda ýaşajyk dynç aljaklar üçin çagalar sagaladyş merkezlerinde düzülen maksatnama elliden gowrak tematiki ugurlary öz içine alýar. Tomus bolsa heniz başlanok. Şonuň üçin hem çagalaryň özleriniň başlangyçlary bilen teklip ediljek dynç alyş çärelerini sanawy has hem artar.