Magtymguly Şaýoly Aşgabadyň iň gadymy köçeleriniň biri bolmak bilen, ol paýtagtyň demirgazyk-günbatarsyndan gündogar günortasynyna çenli uzaýar. Onuň ilkibaşda Merw şaýoly diýlip atlandyrylandygyny bilýänler az bolsa gerek. Sebäbi ol şäheriň bütin içini kesip geçip, Merwe, häzirki Mara, alyp barýan ýola birigipdir. Häzirki wagtda şäher barha ösdi, täze ýaşaýyş massiwleri döredi, Magtymguly şaýoly hem has-da uzady.
Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň her birinde şäherde söýüp dynç alýan ýa-da gezelenç edýän ýerleri köp. Olaryň biri bolsa hökman bu şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Aşgabatlylaryň öz şäherlerine bolan söýgüsi bu şaýolunyň ugrunda ýerleşýär, onda köp sanly medeni ähmiýetli desgalar bar, onda “Magtymguly” we “Aşgabat” sözleri bar.
Tomus paslynda klýonlary, çynarlary we ak akasiýalary, albisiýa, sosna we serwi baglaryny suwlandyran paýtagtyň ilkinji suw çüwdürimleri hut bu şaýolunda döredi. Beýik Magtymguly Pyragynyň ilkiji heýkeli hem Magtymguly şaýoluna çykýan saýaly seýilgähde oturdyldy
Beýik akyldaryň adyny göterýän şaýolunyň ugrunda paýtagtyň baýry medeni we dynç alyş seýilgähleri bolan “Güneş” hem-de paýtagtlylaryň aýratyn söýgüli ýeri bolan, merkezi seýilgähleriň biri, durky täzelenen “Aşgabat” seýilgähleri ýerleşýär. Bu günki gün bu şaýoluny täze binalar, durky täzelenen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, dolandyryş we medeni-aň-bilim edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň binalary, “Parahat” medeni-dynç alyş merkezi, 2011-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen “Aşgabat” kinoteatry bezeýär. Bu günki gün Şäheriň güni mynasibetli ýakynda açylan “Ak şäherim Aşgabat” belent monument köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Bizi Magtymguly şaýoly bilen köp zatlar baglanyşdyrýar. Biziň durumşymyzyň göze görünmeýän ugurlary – medeni, bilim, döredijilik ugurlary oňa barýar. Görogly köçesinden gaýdýan nesilleriň ruhy gatnaşyklaryny alamatlandyrýan ajaýyp “Ylham” çeper-seýilgäh toplumy bu ýere çykýär. Heýkelleriň we kompozisiýalaryň 40-dan gowragy oturdylen açayk asmanyň astyndaky özboluşly bu muzeý aşgabatllylaryň söýgüli ýerine öwrüldi. Bu ýerde edebi we poeziýa agşamlary yzygiderli geçirilýär.
Haçan-da biz Magtymguly şaýoly barada aýdanymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Baş drama teatry we A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry hemişe ýadymyza düşýär. Bu günki gün bu teatrlarda dünýäniň klassiki eserlerine öwrülip giden pýesalardan başga hem türkmen halkynyň geçmişi we şu güni, onuň däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berýän spektakllar görkezilýär.
Durky täzelenen Magtymguly şaýoly biziň şäherimiziň geçmişini hem öz goýnunda saklaýar. Ol ak mermere bürenen Aşgabadyň aýrylmaz bir bölegi bolmak bilen, öz keşbi bilen durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösýän ýurdyň ýüzüni açyp görkezýär. Şonuň üçin hut bu şaýoly Aşgabat şäheriniň gününi esasy baýram edilýän ýerine öwrüldi.