Ï Çagalar furbolunyň festiwaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar furbolunyň festiwaly

view-icon 777
Paýtagtyň “Köpetdag” sport toplumynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça olimpiýa rezerwler ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň (ORÝÇÝM), Aşgabat şäheriniň Sport komitetiniň Ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň (ÝSM) we welaýatlaryň sport mekdepleriniň 2003-2005-nji ýyllarda doglan türgenleriniň gatnaşmakalarynda çagalar futbolunyň festiwal-bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ORÝÇÝM, ÝSM, “Köpetdag” sport toplumy tarapyndan guraldy.


Baýramçylyk çäresiniň maksatnamasy görkezme çykyşlary, şeýle hem türgenleriň ýaşyna we taýýarlygyna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen futbol maşyklaryny öz içine alýar. Ýaş türgenler öz ussatlyklaryny topy žonglýor etmekligi, sütünleri aldap we arassa geçmekligi, topy kiçi derwezä dürs urmaklygy görkezmekden başladylar. Bäsdeşlere berlen ýene-de bir tabşairiklatyň biri hem topy autdan “zyňmak”, şeýle hem topy uzaklyga we takyk depmekden, çalt hereket etmekden ybarat boldy. Soňra toparlaryň sekizsi futbol meýdançasynda kiçi-bäsleşikde duşuşdylar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça olimpiýa rezerwler ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Andreý Öwezowyň belleýşi ýaly, bu geçirilýän festiwalyň wezipesi – zehinli çagalary ýüze çykarmak, ilatyň arasynda futboly dagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmek bolup durýar. Üstesine-de biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, ony köpçülikleýin we ýokary derejelere ýetirmek üçin ähli ähli mümkinçilikler döredilendir.


Festiwal-bäsleşige gatnaşyjylar we ýeňijiler Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça olimpiýa rezerwler ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher guramasyndan hormat hatlaryny, şeýle hem futbol toparlarynyň ata-eneler komitetinden baýraklar aladylar.