Kümmetkowus şäherinde /Eýran Yslam Respublikasy/ geçirilen alyş guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 11-si bilen ýetirildi. Olaryň 7-si altyn, 2-si kümüş we 2-si bürünç medallardyr.
Ýurdumyzyň göreşijileriniň düzüminde hormat münberiniň ýokary basgançagyna Rano Uzakowa /66 kilograma çenli agramda/, Nasiba Surkiýewa /76 kilograma çenli/, Şirin Kubaýewa /76 kilogramdan ýokary/, Allanur Goçow /62 kilograma çenli/, Pirguly Gurbandurdyýew /70 kilograma çenli/, Annamyrat Çaryýew /100 kilograma çenli/ we Rejepaly Orazalyýew /100 kilogramdan ýokary/ çykdylar.
Mekangeldi Berdiýew /60 kilograma çenli/ we Öwez Hemraýew /90 kilograma çenli/ kümüş medala mynasyp boldular. Laçyn Badaglyýewa /52 kilograma çenli/ we Zarina Abdyrahmanowa /58 kilograma çenli/ bürünç medal gazandylar.
Ýurdumyzyň zenany tarapyndan baýraklaryň ýene-de 3-si Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen adaty karate boýunça halkara ýaryşynda gazanyldy. Bu baýraklary Zuhrajan Jumabaýewa gazandy. Ol 61 kilograma çenli agramda aýratynlykdaky tutluşykda, göreşe köp wagt bölünip berilýän açyk tutluşykda hem-de aýratynlykdaky katada /toplumlaýyn maşklar/ tapawutlandy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň adaty karate bilen meşgullanýan türgenleri milli ýaryşa-Mary welaýatynyň açyk çempionatyna taýýarlyk görýärler. Ol bu sebitiň dolandyryş merkezinde 17-20-nji iýun aralygynda geçiriler. Baýraklar ugrunda ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ýüzlerçe türgenler bäsleşerler.