Ï Kenaryň dür dänesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kenaryň dür dänesi

view-icon 845
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň “Daýanç” sagaldyş merkezi – Hazaryň kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp dür däneleriniň biri. Bu sagaldyş merkezi çagalaryň we ulularyň dynç almaklary üçin niýetlenendir.

Merkeziň bejeriş-öňüni alyş bölümi bejeriş we öňüni alyş lukmançylyk çäreleriniň sanawyny yzygiderli artdyrýar. Bölüm müdiri Bahargül Halmämmedowanyň belleýşi ýaly, golaý wagtda Merkeziň terapewtiki bejeriş çäreleriniň üstüni Garra Rufa kiçijik balyjakly beşeriş usuly bilen ýetiriler. Siz içi ýyly suwly akwariuma aýagyňyzy we eliňizi sokýarsyňyz, şonda balyjaklar bolsa siziň saglygyňyza zyýan ýetirmesizden deriniň öli gatyny ýolup alýarlar. Bu balyjaklaryň tüýküliginde aýratyn ferment bolaýar. Bu bolsa psoriazm alamatlaryndan we beýleki dermotologiýa meselelerinden dynmaga, deriniň ýylmanak we berk bolmagyna kömek edýär.


Bu ýerde saglygyny bejerdýänlere ýodbromly wannany belleýändiklerini hem ýatlap geçeliň. Bu golaýda ýerleşýän şypa beriji çeşmede ýörite suw geçirijiniň gurulmagy netijesinde mümkin boldy. Wannany kabul edip bolanlaryndan soňra näsaglar fitobara barýarlar. Bu ýerde hünärmenler kislorod kokteýlini, çaý, miwe soklaryndan, dermanlyk ösümliklerinden taýýaralanan içgileri taýýarlaýarlar. Owkalamanyň dürli terapiýa we usuly ulanylýan owkalama otaglary hemişe köp adamly. Elebetde, her günde deňizden alnyp, gerek bolan gyzgynlyga çenli gyzdyrylýan deňiz suwly suw howdany hem uly meşhurlyga eýedir.

Bu ýerde parafin applikasyýasyny hem geçirýärler. Meşhur Mollagara şypahanasyndan getirlýän palçyk bilen em etmek hem ulanylýar. Bu em beriji palçyk diňe bir deri kesselerinde ulanylman, eýsem, çişme prasseslerini bejermekde hem kömek edýär, nerw ulgamyny köşeşdirýär, bogun agyrlaryna oňaýly täsirini ýetirýär.

Geçen ýyl, ynsanperwer çäreleriniň çäklerinde, merkez Türkmenistanyň ähli künjeginden daýanç-hereketlendiriji apparaty keselli, çagalar serebral ysamaz keselli çagalaryň saglyklaryny dikeltmek üçin kabul etdi. Olar öz ata-eneleri bilen çagalar korpuslarynda ýerleşdirildi hem-de degişli bejergileri aldylar.