Ï Ýaş gaýa çykyjylaryň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş gaýa çykyjylaryň bäsleşigi

view-icon 897
Sport baýramçylygy – “Çagalary goramagyň halkara gününe” we “Maşgalanyň halkara gününe” bagyşlanyp Çagalar gaýa festiwaly ilkinji sapar “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” çagalar oýunlary merkezinde emeli gaýalarda geçirildi. Bu ýyl oňa 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli bolan çagalaryň 80-den gowragy gatnaşdy. Elbetde, olaryň köpüsiniň ýanynda ejeleri, kakalary, eneleri, atalary boldular hem-de gaýa çykmagy özleşdirýän öz çagalaryna, agtyklaryna işjeň janköýerlik etdiler.


Bu çagalar bäsleşigini Aşgabat şäher sport klubynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar gaznasynyň, Sagdyn durmuşy goramagyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň goldamakalarynda “Agama” alpinistler klubynyň agzalary guradylar. Olar dürli ýaşdaky çagalar üçin emeli ýollaryň 15-ni taýýarladylar. Olaryň köpüsi bäsleşige täze gatnaşýanlar üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, her bir ýoluň ugrunda çagadan belli bir endigi, kanagaty, başarjaňlygy we erki talap edýän bölekler guruldy. Festiwalyň şertlerine laýyklykda, eger-de birinji saparda ýoly üstünlikli geçip bilmeseň, onda ikinji sapar synanşmaga mümkinçilik döredildi. Mundan bolsa olaryň köpüsi üstünlikli peýdalandy. Ene-atalar ýollaryň ýanyna göýberilmedi: ýaşajyk gaýa çykyjylar aralygy özbaşdak geçmegi başarmalydylar.

Ýazky gaýa festiwaly çagalara köp şatlyk paýlady – ýöluň köp bölegini geçenlere hemaýatkärler tarapyndan şahadatnamalar we baýraklar gowşuryldy. Bu ýyl 4 ýaşdan 10 ýaşa we 10 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan toparlar iň köp sanlysy boldy. Attraksionlara oýun oýnamaga gelenleriň köpüsi festiwalyň ýollarynda öz başarnyklaryny synap görmäge höwes bildirdiler. Festiwala gatnaşýanlaryň sanawyna paýtagtyň “Agama” we Balkanabadyň “Mert” alpinistler kluplarynyň gaýa çykmak boýunça dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempiony bolanlarynyň çagalarynyň ady hem bardy.

Häzirki wagtda gaýa çykmak bilen tebigy şertlerde, sport we türgenleşik merkezlerinde guralýan ýörite “diwarjyklarda” – emeli gaýalarda meşgullanyp bolar. Şunuň ýaly “diwarjyklar” paýtagtyň demirýol seýilgähinde “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş merkezinde “Agama” alpinistler klubynyň çäklerinde işleýär. Bu ýerde tejribeli hünärmenleriň gözegçilik etmeklerinde şäheriň dürli mekdepleriniň ýaşajyk gaýa çykyjylary eýýäm ilkinji ýylda gaýa çykmagyň endiklerini we usullaryny ele alýarlar.