Ï Türkmen boksçysy – halkara bäsleşiginiň ýeňijisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen boksçysy – halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

view-icon 935
Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde boks boýunça “Geýdar Alyýewiň kubogy” ugrunda geçirilen XII Halkara ýaşlar bäsleşiginde Daşoguzly 16 ýaşly boksçy, 57 kilogram agram derejede çykyş eden Muhammet Berdibaýew altyn medaly gazandy. Bäsleşige Fransiýadan, Finlýandiýadan, Russiýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzstandan, Irlandiýadan, Latwiýadan we Wengriýadan türgenler gatnaşdylar.


Bäsleşigiň ilkinji ikisinde Muhammet Gruziýanyň we Gazagystanyň wekillerinden gürrüňsiz ýeňiş gazanmagy başardy, ýarym final we final duşuşyklarda bolsa ol Russiýaly türgünlerden üstün çykyp, ýoksry derejä eýe boldy.

Bu eýýäm ýaş türkmen boksçysynyň halkara bäsleşiklerinde gazanan ikinji baýragydyr. Geçen ýylyň aprel aýynda M.Berdibaýew Şymkentde (Gazagystan) ýaşlaryň arasynda (16 ýaşdan uly bolmadyk) Aziýanyň birinjiligi ugrunda geçirilen bäsleşikde kümüş medaly gazanmagy başardy.