Şu gün “Galkynyş” sport toplumynda köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi, ol 13-15-nji iýun aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görmekde ýygyndy toparymyz üçin jemleýji tapgyr boldy.
Ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky bu bäsleşige 120-den gowrak türgen gatnaşdy. Şu gezekki ýaryşlara öňki ýaryşlardan tapawutlylykda ilkinji gezek gyzlar hem gatnaşdylar, olar 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdiler. Balkan welaýatynyň toparynyň agzasy Wiktoriýa Probotorowa üstünlik gazandy.
Erkekler topary barada aýdylanda bolsa, olar ýaş aýratynlyklary boýunça bölündiler. Netijede, umumy toparlaýyn hasapda aşgabatly tälimçiler – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi O.Buharakowyň, N.Meredowyň, Ş.Allaýewiň, R.Kuraýewyň we W.Petrosýanyň türgenleşdirýän türgenleri birinji orna mynasyp boldy. Olar altyn medallaryň 10-syny eýelediler.
Tälimçi Z.Meredowyň ýolbaşçylyk edýän Balkan welaýatynyň topary medallaryň 5-sini eýeläp, 2-nji orna mynasyp boldy. N.Hojamämmedowdan tälim alýan maryly türgenler 4 ýeňiş gazanyp, üçünji orny eýeledi.
Çempionatyň ýeňijileriniň we baýrakly orunlary alanlaryň hataryndan Döwlet Bäşimowy aýratyn bellemek ýerlikli bolardy, ol özüniň ýokary ussatlyk derejesi netijesinde kabaddi boýunça okuw türgenleşiklerine çagyryldy. Dünýäniň iň güýçli kabbadiçileriniň saýlanyp alynýan okuw türgenleşikleri sportuň bu görnüşiniň watany bolan Hindistanda geçiriler.
Kabaddi müňlerça ýyl mundan ozal Hindistanda dörän, güýje daýanýan toparlaýyn oýundyr. Sportuň bu görnüşi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi, mälim bolşy ýaly, V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Geçen ýyl IV Aziýa oýunlaryna ýurdumyzyň kabaddi boýunça iki ýygyndy toparynyň – erkekler we zenanlar toparlarynyň gatnaşandygyny ýatladýarys.
Indi bolsa ussat türkmen türgeni bu toparlaýyn oýnuň inçe tilsimlerini ýokary derejede özleşdirmek üçin okuw türgenleşiklerine gatnaşar.
Şeýle hem D.Bäşimowyň köpugurly söweş boýunça milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde ýene birnäçe günden 75 kilograma çenli agram derejesinde Aziýa çempionatynda çykyş etjekdigini bellemek gerek. Şol ýaryşlara ýygyndy toparymyzyň düzüminde Hojaly Seýitliýew (65 kg. çenli) we Güljemal Çaryýewa (55 kg. çenli) gatnaşar.