Ï «Altyn asyr» topary öňdeligi berkidýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary öňdeligi berkidýär

view-icon 859
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň on sekizinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda milli birinjiligiň medallary ugrunda esasy dalaşgärler «Altyn asyr» we Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň kubogynyň eýesi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk sport synçylarynyň we tomaşaçylaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekdi. Çempionatyň ikinji aýlawynyň ahyrynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşikler has ýitileşdi. Muňa geçen tapgyryň soňky duşuşygynda «Altyn asyr» toparynyň şowsuz çykyş etmegi hem täsirini ýetirdi we şol sebäpli hem on sekizinji tapgyryň öň ýanynda «Ahal» we «Şagadam» toparlary häzirki çempionatyň üýtgewsiz öňdebaryjysyndan bary-ýogy 4 utuk yzda barýardy. Balkanly futbolçylaryň soňky bäş tapgyryň dowamynda bir gezek hem utulmandyklary bu oýna has-da uly gyzyklanma döretdi we olar şu duşuşykda üstün çykan ýagdaýynda «Altyn asyr» toparyna utuk boýunça has ýakynlaşýardy.

Oýnyň ilkinji pursatlarynyň wakalary synçylaryň köp sanlysynyň çempionatyň öňdebaryjysy «Altyn asyr» toparynyň geçen tapgyrda utulmagynda amatsyz ýagdaýlar sebäpli tötänlik häsiýetiniň bardygy baradaky pikirlerini tassyklady. «Altyn asyryň» futbolçylary özleriniň sowatly we netijeli oýny bilen häzirki wagtda iň güýçli topar bolup durýandygyny subut etdiler hem-de uly ähmiýeti bolan bu duşuşygyň başyndan ahyryna çenli ynamly oýny görkezdiler. Eýýäm üçünji minutda Aragatnaşyk ministrliginiň topary öňe saýlandy: G.Abylow A.Ataýewiň beren pökgüsini alyp, goragçylaryň birbada üçüsinden geçdi hem-de pökgini derwezä dürs urdy — hasap 1:0.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ý.Hojageldiýewiň tälim berýän futbolçylary mundan soň ygtybarly goragy guramak bilen, hüjüm etmegi hem dowam etdirdiler. Oýnuň 29-njy minutynda A.Ataýew, B.Şamyradow we G.Abylow özara düşünişmek bilen netijeli hüjümi guradylar, D.Durdyýew bolsa özüne berlen pökgini myhmanlaryň derwezesine dürs urmagy başaryp, çempionatyň dowamynda 9-njy pökgüsini geçirdi. Şondan 12 minut soň D.Orazalyýew B.Şamyradowa amatly ýagdaýda pökgi geçirdi, ol bolsa öz gezeginde hasaby 3:0-a ýetirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «aragatnaşykçylar» sazlaşykly oýunlary bilen deňiz ýakasynyň futbolçularynyň ähli hüjümlerini yzyna gaýtarmagy başardylar, şeýlelikde, myhmanlar diňe bir gezek üstünlik gazandylar. Netijede, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi «Altyn asyr» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 40 utuk toplady we öňdeligini has-da berkitdi.

«Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda utan «Ahal» öňdebaryjydan 4 utuk yza galýar, 33 utuk toplan «Şagadam» bolsa, öňküsi ýaly, üçünji orunda barýar.

Öňde boljak Aziýa futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukukyna eýe bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary netijeli oýnamagyny dowam etdirýär. Geçen tapgyrda «Bagtyýarlyk-Lebap» toparyny uly hasap bilen utan Türkmenistanyň häzirki çempiony «Daşoguz» toparyndan 8:1 hasabynda ynamly üstün çykdy. Şunda Süleýman Muhadow bäş pökgi geçirmegi başardy, ol AFK — 2014 Prezidentiň kubogy ugrunda Bakolod şäherinde (Filippinler) ýakynda geçirilen saýlama oýunlarda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.

AFK-nyň prezidentiniň kubogynyň häzirki eýesi «Balkan» topary günbatar welaýatyň merkezi şäherinde «Bagtyýarlyk-Lebap» toparyny 5:0 hasabynda utdy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi B.Durdyýewiň ýolbaşçylygynda «Talyp sporty» hem oňat netije gazanýar. Futbol boýunça PRO ýokary derejä eýe bolan bu hünärmeniň tälim bermeginde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary şu futbol çempionatynyň diňe birinji ýarymynda geçen ýylyň tutuş möwsümi bilen deňeşdirilende 2 utuk köp topladylar. Şu tapgyrda hem «Talyp sporty» çempionatda dördünji orunda barýan «Merw» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, özüni çynlakaý bäsdeş hökmünde görkezdi.