Türkmen türgenleriniň topary iki hepdäniň dowamynda Şymkent şäherinde (Gazagystan Respublikasy) geçen sport gimnastikasy boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryndan gaýdyp geldi. Biziň watandaşlarymyz nazaryýet we amaly okuwlaryndan başga hem şu ýerde geçirilen ýaryşlara gatnaşdylar. Şonda 4 medala — iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanlylar sport ussatlarynyň we ussatlyga dalaşgärleriň iki kadalaşdyryjy toparlarynda üstünlikli çykyş etdiler. Sport ussatlygyna dalaşgärler toparynda türkmen türgenleri hormat sekisiniň ählisini eýelediler. Ýokary basgançaga Lýubow Sarkowa, ikinji orna Kira Lazarçik çykdy we bürünç medala Sadap Berdiýewa mynasyp boldy.
Sport ussatlary toparynda altyn medala Maýsa Kulyýewa mynasyp boldy. Ol bu ýaryşlaryň öňüsyrasynda hem üç gezek olimpiýa çempiony A. Ditýaninanyň baýragy ugrunda sport gimnastikasy boýunça iri halkara ýaryşda oňat netije görkezdi. Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde her ýyl geçirilýän bu ýaryş onlarça ýurtlardan sportuň bu görnüşiniň iň oňat ussatlarynyň ýüzlerçesini ýygnaýar. Şonuň üçin hem watandaşymyz M.Kulyýewanyň ýaryşyň üç görnüşinde — agaçda, bruslarda we erkin maşkda ýaryşyň jemleýji tapgyrynda iň oňat türgenleriň onusynyň hataryna çykmagyny örän ýokary netije hasaplamak bolar.
Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary barada aýdylanda bolsa, türkmenistanlylar ony sport toplumynda geçdiler, şol toplumda öz wagtynda meşhur gimnastikaçy, bäş gezek olimpiýa çempiony, uzak wagtlap Gazagystanda ýaşan Nelli Kim sportuň bu görnüşi bilen meşgullandy.
Sapaklary gazagystanly meşhur halypa, at gazanan tälimçi Galina Dolgopolowa geçirdi, ol ýaş türkmen gimnastikaçylarynyň uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ýaryşlaryň netijeleri hem muny tassyklaýar. Gazak halypasynyň pikirine görä, türkmen gimnastikaçylaryna zähmetsöýerlik, jogapkärlik hem-de tälimçini diňlemek ukyby, ýagny onuň ähli görkezmelerini takyk ýerine ýetirmek mahsusdyr.
Şeýle hem gazak halypasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary gazanylylanlar sportuny ösdürmäge nähili uly üns berýändigi barada köp eşidendigini gürrüň berdi. Çünki döwlet Baştutanymyzyň beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen syýasaty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmeklik ýurduň geljegi hakda alada bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen türgenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döwrebap sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň gurulmagy netijesinde halkara sport ýaryşlarynda şowly çykyş edýärler. Şol sport toplumlarynda we sport mekdeplerinde başarjaň ýaş ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi sport bilen meşgullanýar.
Gimnastikanyň milli mekdebi hem çalt ösüşe eýe boldy. Hususan-da, 2011-nji ýylda Lebap welaýatynyň merkezinde ýöriteleşdirilen täze 5-nji sport mekdebi açyldy, şol ýerde sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde çagalar sport gimnastikasy bilen hem meşgullanmaga höwes bilen gatnaýarlar. Bary-ýogy iki ýyl geçenden soň, türkmenabatly türgenler milli ýaryşlarda sportuň şu görnüşinde ýakynda öňdäki orunlary eýeläp gelen aşgabatlylardan ýygy-ýygydan üstün çykmak derejesine ýetdiler.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň gimnastikaçylary Aşgabatda olimpiýa şäherçesiniň açylyşyna garaşýarlar, şol ýerde halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman gimnastika toplumy göz öňünde tutuldy.
Gepiň gerdişine görä aýdylsa, 2012-nji ýylda Sport baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy açyldy, şonuň netijesinde türkmen gimnastikaçylary halkara sport derejesinde çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.
Biziň türgenlerimiz şu günler öňde boljak halkara ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Olar awgust aýynda Türkiýe Respublikasynda geçiriljek «Bosphoros» Kubogy ugrunda däp bolan ýaryşa gatnaşar.
Gimnastikaçylar üçin şu ýylyň esasy wakasy bolsa dekabr aýynda Katarda bolar, şonda gimnastikaçylaryň Aziýa bileleşiginiň nobatdaky halkara kongresi geçiriler, oňa Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň wekilleri gatnaşar. Kongresiň barşynda Aziýa sport bileleşiginiň täze düzümi saýlanar, şeýle hem yklymda gimnastikany mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlener.