Ýurdumyzyň dört şäherinde ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda oýnalmadyk oýunlar geçirildi.
Türkmenbaşy şäherinde çempionatda üçünji orunda barýan «Şagadam» bilen birinji orunda barýan paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk üns merkezinde boldy. Mundan üç gün ozal bu toparlar özara duşuşypdylar we şonda «Altyn asyr» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Indi bolsa balkanly futbolçulara öňdebaryjy topary utup, ara tapawudy has azaltmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredi. Emma, oýnuň görkezişi ýaly, ýer eýeleriniň bu umydy hasyl bolmady. Eýýäm oýnuň 5-nji minutynda N.Çöliýewiň dürs urgusy netijesinde Aragatnaşyk ministrliginiň futbolçulary 1:0 hasabynda öňe saýlandylar. Bu hasap oýnuň esasy wagty tamamlanýança üýtgemedi. Eminiň goşan goşmaça wagtynyň 3-nji minutynda G.Abylow bäsdeşleriniň derwezesine ýene bir pökgini geçirdi.
Şeýlelikde, «Altyn asyr» 2:0 hasabynda utup, 43 utuk toplady we indi bu iki toparyň arasyndaky tapawut 10 utuga çenli köpeldi. Oýnuň 94-nji minutynyň dowamynda «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utup, 39 utuk toplan «Ahal» topary ikinji orunda barýar.
Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde geçirilen bäsleşik hem çekeleşikli eýe boldy. Bu ýerde «Daşoguz» topary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçularyny kabul etdi. Oýnuň 89-njy minutyna çenli hasap 1:1 bellikde saklandy. Emma duşuşygyň iň soňky pursatynda M.Astanowyň dürs urgusy ýurdumyzyň häzirki çempiony — HTTU toparyna 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.
AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň häzirki eýesi «Balkan» topary Türkmenabatda «Bagtyýarlyk-Lebap» toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykyp, nobatdaky 3 utugy gazandy. Şu ýeňişden soň, balkanlylar 30 utuk toplap, dördünji orna çykdylar.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli ikinji aýlawda oýnalmadyk oýunlaryň birnäçesi geçiriler. Ýakyn wagtda çempionatyň on üçünji tapgyrynyň çäklerinde 14-nji iýunda «Aşgabat» bilen HTTU duşuşar.