Ï Milli sport ýaryşynda gadymy oýun
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli sport ýaryşynda gadymy oýun

view-icon 1855
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda köp sanly sport çäreleri, olaryň hatarynda takylatdy milli oýny boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilýär. Döreýşi uzak geçmişe uzaýan bu oýun şäher sport komitetiniň Aşgabat sport küşt mekdebine ähli welaýatlardan wekilleri ýygnady. Biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gadymy akyl-paýhas oýny boýunça şeýle ähmiýetli ýaryş ilkinji gezek guraldy.

Taklatdy — düzgünleri boýunça örän ýönekeý bolup, oýunçylardan uly ünsli bolmagy hem-de garşydaşyň hereketlerini öňünden bilmek ukybyna eýe bolmagy talap edýär. Şu oýun boýunça ýaryşlary islendik ýerde guramak bolýar. Onuň üçin çykyp duran görnüşli 12 sany serişdäni, mysal üçin, pyýalany tapmaly ýa-da ýerde biri-birine garşy alty sany çukurjyk gazmak ýeterlik.

Häzirki zaman taklatdynyň düzgünleri Türkmenistanyň milli oýunlar federasiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Oýun üçin stolda hem Atabegiň ulgamy boýunça belgilenen 12 sany çukurjyk bolýar — onuň bir tarapynda täk sanlar, beýleki tarapynda jübüt sanlar ýerleşdirilýär. Her çukurjyga 6 sany çöp atylýar, olar aýratyn görnüşde ýerleşdirilmelidir. Oýun stoluň üstünde hiç bir çöp galmaýança alnyp barylýar. Kim has köp çöp ýygnan bolsa şol utýar.


Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar iki tapgyrda geçirildi. Aşgabat toparyndan B.Atabaýew ýeňiji boldy. Ol mümkin bolan 20 utukdan 19 utuk toplap, ýokary netije görkezdi. Ikinji orny 16 utuk bilen daşoguzly S.Kurbantaýew eýeledi. Üçünji orna 11 utuk gazanyp, Lebap welaýatyndan S.Joraýew mynasyp boldy.

Milli sport oýunlary boýunça indiki ýaryşlary awgust aýynda geçirmek meýilleşdirilendir. Şol döwürde Aşgabatda «Biz — Oguzhanyň nesilleri!» diýen şygar astynda toplumlaýyn ýaryşlar geçiriler. Oýunlaryň maksatnamasyna takylatdy, düzzüm hem-de bäş daş ýaly görnüşler girizildi. Noýabr aýynda bolsa paýtagtymyzda düzzüm boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçiriler.

Ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşen köp sanly çagalar sagaldyş merkezinde şu günki tomus günleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe çagalar öz dynç alşyny geçirýärler. Olar üçin hem köp sanly dürli sport çäreleri guralýar. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezinde bolup geçdi. Ol ýerde «Aşgabat — Aziada — 2017-niň paýtagty» şygary astynda ýaryşlar geçirildi.


Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan guralan özboluşly spartakiadanyň açylyşy owadan şowhuna beslendi. Sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Sungat» topary we «Gözbaş» tans topary çykyş etdi. Şondan soň, ýaş türgenler ýaryşa çykdylar.

Ýaryşa gatnaşyjylar dürli ýeňil atletika estafetalary boýunça bäsleşdiler. Şonda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Çeşme» çagalar sagaldyş merkeziniň toparlaryndan bolan çagalar oňat sport taýýarlygyny görkezdiler. Olar ähli düzgünler boýunça ilkinji boldular. Ikinji orny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Nebitçi» sagaldyş merkeziniň topary we üçünji orny ýaryşyň ýer eýeleri — «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkeziniň wekilleri eýelediler.

16-njy awgustda Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkezi sportuň birnäçe görnüşleri boýunça spartakiadanyň geçiriljek ýerine öwrüler. Gökderäniň hemme çagalar sagaldyş merkezleriniň ýygyndy toparlary woleýbol, basketbol, kiçi futbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşerler.

Şu ýyl Aşgabat sport komitetiniň ýurdumyzdaky ýeke-täk maýyplar sport mekdebi (MSM) açylmagynyň 20 ýyllyk şanly senesini belleýär. Şu sene bilen baglylykda, direniş-hereket ediş ulgamy ýaraly bölümiň wekilleri umumy bilim berýän 18-nji mekdepde çäre guradylar. Oňa köp sanly myhmanlar çagyryldy.


MSM-nyň bu bölüminiň wekilleri Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň hataryna ýüzlerçeden gowrak medallary goşdylar. Olaryň köpüsi altyn medallardyr. Şol medallaryň hemmesi ýörite olimpiadanyň maksatnamasy, paralimpiýa maksatnamasy we beýlekiler boýunça guralan halkara derejeli iň iri ýaryşlarda gazanyldy.

Şeýle hem MSM-niň direniş-hereket ediş ulgamy ýaraly bölüminde terbiýelenýän türgeniň 2000-nji ýylda Sidneýde (Awstraliýa) geçirilen bütindünýä tomusky paralimpiýa oýunlaryna ýol açandygyny belläp geçeliň. Şonda açylyş dabarasynda türkmenistanly A.Begniýazow stadionyň ýodasy boýunça eliniň üstünde geçip, tomaşaçylardan iň ýokary şowhuna mynasyp bolupdy. Şondan bäri düzümi esasan sport mekdebiniň wekillerinden ybarat bolan ýurdumyzyň ýygyndysy Paralimpiadalaryň hiç birini geçirmän pauerlifting boýunça ýaryşlarda örän ýokary netijeleri görkezýär.

Şu hyzmatlaryň hemmesi göz öňünde tutulyp, MSM-niň şanly senesiniň hormatyna guralan çärede tälimçileriň we türgenleriň adyna köpsanly ajaýyp sözler aýdyldy. Esasy sowgady bolsa «Selbi we Myrat» hususy kärhanasynyň wekilleri taýýarladylar: sport mekdebinde terbiýelenýänlere nyşanlar gowşuryldy. Bu nyşanlar olaryň mundan beýläkki sport durmuşyny köp babatda ýeňilleşdirer.


Dowam edýän sport çäreleri barada aýdylanda bolsa şu günler paýtagtymyzdaky «Galkynyş» sport toplumynda 2002-nji ýylda doglanlar we ondan ýaş ýetginjekleriň arasynda stol üstündäki tennis boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilýändigini bellemek gerek. Aşgabada ähli sebitlerden 100 töweregi türgenler ýygnandy.

Ýaryşlar ýeke-täk, jübütleýin we garyşyk görnüşlerde geçirilýär. Ahyrky netijeler 14-nji iýunda jemlener.