Köp ugurly söweş boýunça Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Olar kümüş medallaryň birine we iki sany bürünç medala mynasyp boldular.
Yklym derejesindäki ýaryşlara 12 ýurtdan — Siriýadan, Pakistandan, Hindistandan, Şri-Lankadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Saud Arabystanyndan we beýlekilerden türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy.
75 kilograma çenli agramda çykyş eden Döwlet Bäşimow 3 tutluşygyň ikisinde ýeňiş gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Ol birinji tutluşykda siriýaly türgenden, ikinji bäsleşikde eýranly türgenden üstün çykdy. Jemleýji üçünji tutluşykda bolsa utuk boýunça Aziýanyň çempiony bolan täjik türgeninden asgyn geldi.
65 kilograma çenli çykyş eden Hojaly Seýitliýew ýarym finalda dünýäniň birnäçe gezek çempiony täjigistanly türgen B.Karimow bilen güýç synanyşdy we bürünç medala eýe boldy. 52 kilograma çenli agramda çykyş eden Güljemal Çaryýewa hem bürünç medala eýe boldy.
Biziň ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň bu çempionatda emin hökmünde çykyş edendigini bellemek gerek. Oňa çempionatyň ýapylyş dabarasynda degişli diplomlar gowşuryldy.
Indi türkmen türgenleri noýabr aýynda köp ugurly söweş boýunça Russiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Aziýa birinjiliginde kümüş medala eýe bolan D.Bäşimow bolsa kabaddi boýunça “çempionlaryň ligasy” diýlip atlandyrylýan halkara ýaryşa çagyryldy.
Her ýyl Hindistanda oýnuň bu görnüşi boýunça bütindünýä okuw türgenleşikleri geçirilýär. Oňa dünýäniň ähli ýerlerinden kabaddi boýunça ussat türgenler çagyrylýar. Sportuň bu görnüşiniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda girizilendigini bellemek gerek.
Milli derejede geçirilýän ýaryşlar barada aýdylanda bolsa, Mary şäheriniň suw görnüşleri boýunça täze sport mekdebinde 1997-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýetginjekleriň arasynda suw polosy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Oňa Aşgabat şäherinden, Lebap welaýatyndan we ýer eýelerinden jemi 6 topar gatnaşdy.
Aýlaw görnüşinde geçirilen bäsleşiklerde Mary şäheriniň 1-nji topary birinji, paýtagtymyzyň türgenleri ikinji we Mary şäheriniň 2-nji topary üçünji orna eýe boldular.
Şeýle hem Mary şäherinde woleýbol boýunça klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň dördünji tapgyry geçirildi. Onda jemleýji bäşinji tapgyryň öň ýanynda öňdebaryjylar kesgitlenildi. Bäşinji tapgyr 18—22-nji iýun aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň arasynda sportuň bäş görnüşi boýunça spartakiada geçirildi. Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden dynç almaga gelen çagalar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy spartakiadanyň guramaçylary boldular. Ýeňil atletika boýunça (60 metre ylgamak), woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça geçirilen ýaryşlara çagalar sagaldyş merkezleriniň 14 topary — jemi 500-e golaý ýaşajyk türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň “Nesil” sagaldyş merkeziniň türgenleri woleýbol we küşt boýunça birinji orunlary, sportuň beýleki görnüşleri boýunça bolsa ikinji orunlary eýelediler.
Ýer eýeleri ikinji orna, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş merkeziniň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.