Gazagystanyň Almaty şäherinde Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen ýaryşda ýeňil atletika boýunça ussat türkmen türgenleri medallaryň ikisine – kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Bu ýaryşa Russiýadan, Ukrainadan, Eýrandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan ýeňil atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Olar sportuň bu görnüşiniň birnäçe ugurlary boýunça bäsleşdiler.
Halkara derejeli sport ussady Mergen Mämmedow ýekedabany 70 metr 38 santimetr uzaklyga zyňyp, ikinji orny eýeledi.
M.Mämmedow öz kakasy Baýram Mämmedowyň tälim bermeginde halkara derejesindäki ýaryşlarda medallaryň ençemesine eýe boldy. Emma onuň gazanan iň uly üstünligi 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýada gatnaşmagydyr. Şeýle hem bu türgen Koreýanyň Inçhon şäherinde güýzde geçiriljek Aziýa oýunlarynda çykyş etjek ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine esasy dalaşgärleriň biridir.
Sport ussady Tejen Hommadow hem bu ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Ol ýekedabany 16,09 metre zyňmagy başardy. Tejeniň şeýle hem milli ýygyndy toparynyň düzümine girmäge mümkinçiligi bar.
Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş eden beýleki türgenleriň gazanan netijeleri barada aýdylanda bolsa, 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiada gatnaşan A.Hommadow disk zyňmak boýunça (62,04 metre) dördünji ýere, M.Mämmedow (50,88 metre) altynjy orna eýe boldular. B.Durdymowdan, E.Hojaýewden, G.Mataganowdan, A.Orazgeldiýewden ybarat bolan erkekler topary 4х100 metr aralyga ylgamak oýunça öňdäki bäşlige düşdi. Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde M.Rejebowa 200 metr aralygy 24,66 sekuntda geçip, altynjy orny eýeledi. B.Meredowa hem 100 metr aralygy 11,84 sekuntda geçmegi başaryp, altynjy orny aldy.
Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçylary Inçhonda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde awgust aýynda Russiýanyň iň gowy sport desgalarynda halkara okuw türgenleşiklerini geçirmegi meýilleşdirýärler.
Sentýabr aýynda ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçiriljek bäsleşikler Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň iň soňky tapgyry bolar.