Ï “Ýelken” sport akademiýasynda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýelken” sport akademiýasynda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary

view-icon 1063
Suwa düşülýän möwsüminiň başlanmagy bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş merkezleri özleriniň gapylaryny giňden açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminde iň häzirki zaman merkezlerine ýuduň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi dynç almaga gelýärler. Şolaryň biri bolsa – “Ýelken” ýaht klubydyr. Bu ýerde çagalar diňe bir dynç alman, eýsem sportuň dürli hilli suw görnüşiniň inçe syrlaryny ele alýarlar.

2013-nji ýylda ulanylmaga berlen Türkmenistanda we Hazarda ilkinji köp ugurly ýaht-klubynda “Ýelken” hususy sport akademiýely dünýä derejeli çagalar kempi işleýär. Onda 8 ýaşda 14 ýaşa çenli ýetginjekler meşgullanýarlar. Hepdäniň her duşenbe güni bu ýerde täze çalyşmany garşy alýarlar, ýöne akademiýanyň okuwçylarynyň we olaryň ene-atalarynyň islegleri boýunça ikini hepdä, üçnji hepdä hem galmak bolýar.


Bu ýere dynç alamaga gelenleriň ýaşamaklary üçin gyzjagazlar we oglanlar üçin ähli amatlyklary bolan aýratyn binalar gurlandyr. Bu sport dynç alyş merkezinde durmuş hyzmatlary we çagalary iýmitlendirmek yzygiderli guralandyr. Olar üçin milli naharlar bilen bir haratda ortaýerdeňzi aşhanasyny öz içine alýan dürli görnüşli nahar sanawly çagalar restorany-käfeteriýasy açyldy.

“Ýelken” ýaht-klubynyň hazirki zaman gyzyklanmalar gurluşy ýaşajyk dynç alýanlara bedenterbiýe, aň-paýhas we ruhy taýdan ösmekleri üçin çäklendirilmedik mümkinçilikleri döredýär. Sportuň suw görnüşleriniň akademiýasynda teoretiki we praktiki sapaklar kenarýaka woleýbolynyň, futboly kiçi-futbolynyň türgenleşikleri tennis kortlary, tigir ýodajyklary, basketbol meýdançasynyň türgenleşikleri bilen, fintes-zallarynda bolsa hatarynda 2500 inedördül metr olimpiýa ölçegli üsti açyk howuz bolan suwda ýüzülýän howuzlar bilen çalşylyp durulýar.


Sport gyzyklanmalary “Ýelken” suw spoty akademiýasynyň maksatlaýyn maksatnamasy bilen berk baglanyşyklydyr. Ol çagalarda parus sportuna söýgüni güýçlendirmekden, olarda iň gowy zatlary ösdürmäge we amla aşyrmaga kömek edýän söweşjeň ruhy we güçli häsiýeti terbiýelemekden ybaratdyr. Bu bolsa her bir çaga mahsusdyr. Parus sporty sözüň doly manysynda ynsany tebigat bilen ýakynlaşdyrýar, ony ganatlandyrýar! Ony ata watanyň tebigatyny garamak babatda üşükli, tabşyrylan ýumça jogapçilikli edýär, onda işjeň durmuş ýagdaýlary bilen öňdebaryjy şahsiýeti tebiýäni ýüze çykarýar. Parus sportunyň terbiýeçilik ähmiýeti kenaryň arassalagynda, ýahtalaryň pirsleri we hereketlendirjili katerler mäkäm urgan bilen baglamagy, ellinglerde we suw bilen meşgullanylýan merkezlerde ýüzüji serişdeleriň nusgalyk derejede saklanmagyny, ykjamlygy, tijenmekligi, akademiýanyň ýaş okuwçylary bilen mylakatly bolmagy talap edýär.


“Ýelken” sport akademiýesynyň okuw binýadynyň düzümine degişli kenar enjamlary we kämil enjamlary bilen, okuw paruslaryny we hereketlenmdirjili ýahtalary goşmak bilen, ýahta mekdebiniň we windserfing boýunça mekdebiň aýratyn binalary girýär. Deňiz hünärleri boýunça sapaklary daşary ýurtlaryň sportuň suw görnüşi ulgamynda meşhurlyk gazanan meşhur ussat hünärmenleri alyp barýarlar.

Şu ýylky möwsümi abraýly halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýraklarynyň eýeleri – bolgar mugallymlary açdylar. Olardan sapak almak diňe kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bir günüň dowamynda adaty ýagdaýlarda arly ýyllap bilip bolmajak täzelikleriňi we gyzykly zatlary bir gününň dowamynda öwrenip bolýar diýip, ýaş ýahtaçylar we serfingistler belleýärler. Daşary ýurtly kärdeşleri bilen winserfing boýunça tälimçiler Orazmyrat Orazow, Saryhan Saraýew we parus sporty boýunça türgenleşdiriji Abdulla Karimow hem deňizde ýüzmegi we ýeňmegi çagalara öwredýärler. Olaryň üçüsi hem şu ýyl “Ýelken” sport akademiýasynyň mugallymçylyk okuwlaryny tapawutly üstünlikler bilen tamamladylar.

Arabaglanyşygy we deňiz adalgalaryny tiz özleşdirmek üçin mekdeplerde sapaklar iňlis dilinde berýär. Bu sapaklary Beýuk Britaniýadan – deňiz işlerine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan, gämigurluşyk we deňizçilik işinde şohrat gazanan ýurtdan gelen iňlis dili mugallymy geçirýär.

Häzirki wagtda deňiz akademiýasynda nobatdaky tapgyrdan 40 okuwçy okaýar. Oglanlar we gyzlar bilimlerden başga hem deňiz sportunyň hünär görnüşleri boýunça güýmenje ähmiýetli çylşyrymly bolmadyk sport snarýadlary bilen işleşmekde dolandyrmak we howpsuzlyk tehnikasy boýunça görkezmeleri-maslahatlary hem alýarlar. Olaryň hatarynda suw ližasyny, paraseýlingleri – katere tirkelgi oturgyçly dürli reňkli paraşýutlary, her hili ýel berlip çişirilen gaýyklary: bananlary, ringony, uçýan balyklary, sonarlary, “aklyndan azaşan NLO-lary” we beýlekileri görkezmek bolar.


Olary uly bolmadyk tokunlarda, hat-da asuda deňizde hem doladyrmak çagalarda hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak duýgyny emele getirýär. Kanoede, kaýaklarda aýlanmak, suw polosyny oýnamak, ýaryşyp ýüzmek we beýleki sport oýunlary keýpiňi çaglaýar. Şunlukda göçme ýüzüş serişdelerini ulanmak bilen bagly çäreleriň ählisinde tehniki howpsuzlygyň düzgünleri berk berjaý edilýär. Her bir çaga halas ediş geýimi berilýär.

Şeýle-de bolsa deňizde ýelkenli ýahtalarda gezelenç etmek we windserfinlerde aýlanmak çagalarda uly gyzyklanma döredýär. “Ýelken” ýaht klumynda 1-nji iýulda geçiriljek Windserfing boýunça dünýäniň kubognyň 5-nji tapgyry çagalaryň sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.