Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde uşu söweş sungaty boýunça geçirilen 7-nji halkara ýaryşy türkmen türgenleriniň uly üstünligi bilen tamamlandy. Türgenlerimiz 10 medala mynasyp boldular, olaryň 4-si altyn, 3-si kümüş, 3-si hem bürünç medallardyr. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminiň 10 türgenden ybaratdygyny we her biriniň hem ýokary sylag bilen gaýdyp gelendigini aýratyn bellemelidiris.
Bu ýaryşlarda çekeleşikli bäsdeşlikler boldy. Sebäbi oňa dünýäniň 12 ýurdundan ussat türgenleriň 400-den gowragy gatnaşdy. Tutluşyklar uşunyň iki ugry boýunça — ýetginjekleriň (19 ýaşa çenli) we ulularyň arasynda geçirildi.
Ulularyň toparynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary altyn medallaryň 4-sine eýe boldular. Şöhrat Orazgeldiýew 56 kg. agramda çykyş edip, ýeňiş gazandy. Finala ýetmek üçin ol ýer eýeleriniň ikisini, aýgytlaýjy tutluşykda bolsa eýýäm 1,5 minutdan soň hindi türgenini ýeňmegi başardy.
Goçmyrat Jumanyýazow (70 kg. çenli) bäsdeşini möhletinden öň ýeňdi. Zenan türgenimiz Jennet Aýnazarowa 60 kg. agramda çykyş edip, bäsdeşinden möhletinden öň üstün çykdy. Çarygylyç Tagangylyjow bolsa 70 kg. agramda çykyş edip, ynamly ýeňiş gazandy we toparymyza dördünji altyn medaly getirdi.
Ulularyň toparynda Salaheddin Baýramow (65 kg. çenli) kümüş medala, Kemal Sähedow (75 kg. çenli) we Aýgül Rahymowa (52 kg. çenli) bürünç medala eýe boldy.
Türkmen uşu ussatlarynyň 7-si hem şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärdir. Şeýle hem türkmen türgenleriniň ýene bir üstünligini - Tbiliside geçirilen halkara ýaryşynda resmi däl toparlaýyn hasapda birinji orny eýeländiklerini bellemelidiris.
Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparymyz hem oňat netijeler gazandy, Gruziýada geçirilen ýaryşlar olar üçin iri halkara bäsleşiklerine taýýarlanmakda möhüm tapgyrlaryň biri boldy. Olaryň hatarynda awgust aýynda Hytaýyň Nankin şäherinde geçiriljek Bütindünýä II tomusky ýetginjekler olimpiýadasyny görkezmek bolar. Bu ýaryşyň maksatnamasyna uşu sportuň görkezme görnüşi hökmünde giriziler, emma munuň özi öňde boljak ýaryşlaryň derejesini peseltmeýär, sebäbi oňa ýollanmalary almak üçin şu ýylyň mart aýynda Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynda şowly çykyş etmek zerurdy.
Ýetginjekleriň arasyndaky olimpiýada gatnaşmak üçin dünýäniň güýçli toparlarynyň sekizligine girmelidir. Bu wezipäni Oraznepes Geldiýew (60 kg. çenli), Muhammet Gurbanow (70 kg. çenli) we Merjen Saparowa (60 kg. çenli) Tbiliside geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, artygy bilen ýerine ýetirdiler. Oraznepes we Merjen kümüş medala, Muhammet bolsa bürünç medala mynasyp boldy.