Şu gün Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinde guşakly göreş boýunça Russiýadan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan sportuň bu ugrundan belli hünärmenleriň gatnaşmagynda eminleriň okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat sportuň bu görnüşi boýunça şu ýylyň 19-24-nji noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek dünýä çempionatyna hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biri bolar.
Biziň ýurdumyzda guşakly göreş boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriler. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr, çünki guşakly göreş diňe bir sportuň milli görnüşi bolmak bilen çäklenmän, eýsem gadym döwürlerden bäri köp asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna beden terbiýesini bermegiň bir usuly hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän asylly däpleriň biridir.
Türkmen türgenleriniň göreş boýunça halkara derejesindäki bäsleşiklerde üstünlik gazanýandyklary üçin hem sportuň bu görnüşi köpleriň ýadynda galýar. Indi bolsa Türkmenistanyň paýtagty guşakly göreş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Şu gezekki geçirilýän okuw maslahaty bolsa bu möhüm sport wakasyna göwnejaý taýýarlyk görmäge ýardam berer.
Maslahata gatnaşmak üçin Guşakly göreş boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Ruslan Mahmudow, bu sport guramasynyň baş sekretary Wener Gaýnullin, şeýle hem halkara derejeli eminler Waleriý Fufaçýew, Askarali Koçkonow we Şowkat Zarypow Aşgabada geldiler. Duşuşygyň barşynda daşary ýurtly hünärmenler maslahata gatnaşyjylary (tälimçileri we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen guşakly göreş boýunça türgenleri) sportuň bu görnüşi boýunça halkara federasiýasy tarapyndan tassyklanylan düzgünler, halkara derejesindäki iri ýaryşlardaky emin toparlarynyň işleýişleri bilen tanyşdyrarlar.
Türkmenistanyň Aziýanyň we dünýäniň çempionatlary ýaly iri halkara ýaryşlaryny guramak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Şeýle ýaryşlaryň hatarynda 2013-nji ýylda Kazanda (Russiýa) geçirilen Bütindünýä uniwersiadany hem görkezmek bolar, mälim bolşy ýaly, şol ýaryşlarda türkmen türgenleri guşakly göreş boýunça köpsanly sylaglara mynasyp boldular.
Talyplaryň arasynda geçirilen şol ýaryşlarda Türkmenistandan halkara derejeli emin, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymy Nazardurdy Orazdurdyýew hem eminlik edipdi. Şonda türkmen eminine göreş boýunça ýaryşlary açmak hormaty berlipdi, bu bolsa onuň ýokary eminlik derejesinden habar berýär.
Okuw maslahatynyň barşynda türkmen hünärmenleri öz bilimlerini iş ýüzünde, 27—28-nji iýunda paýtagtymyzyň «Galkynyş» sport toplumynda geçiriljek Türkmenistanyň açyk çempionatynda görkezerler. Çempionatda erkekler we zenanlar toparlary guşakly göreşiň üç ugry — nusgawy we erkin hem-de milli göreş boýunça bäsleşerler.
Çempionatdan soň emin toparlarynyň işlerine baha berler we olaryň has mynasyplaryna guşakly göreş boýunça halkara federasiýasynyň degişli eminlik derejesini tassyklaýan şahadatnamalar gowşurylar.