Ï Türkmen türgenleriniň dünýä arenasynda gazanan nobatdaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleriniň dünýä arenasynda gazanan nobatdaky üstünligi

view-icon 982
Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlarda ýokary netijeleri bilen begendirmegi dowam edýärler. Bu gezek sambo boýunça ussatlar we agyr atletikaçylar tapawutlandylar.

Şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sport we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri iki altyn we 8 sany bürünç medallary gazandylar.

Biziň türgenlerimiziň ýokary taýýarlyk derejesi we olaryň gazanan üstünliginiň ähmiýeti bu ýaryşlara dünýäniň 17 ýurdundan — Ýaponiýadan, Gazagystandan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Siriýadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan pälwanlaryň 350-den gowragynyň gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar.

Ýaryşlara gatnaşyjylaryň erkekler toparynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Kerim Allanurow çykdy. Türkmen pälwany 57 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanmakda hiç kimi öňüne geçirmedi.


Bürünç medalyna bolsa halkara sport arenasynda halkara derejeli sport ussady Nuraly Ýalkapow (100 kilograma çenli) mynasyp boldy. Ýeri gelende ýatlasak, bu türkmen pälwany geçen ýyl Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryşlaryň ýeňijisi boldy.

Nuraly indi V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, bu oýunlar 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilýän Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň güýzünde türkmen paýtagtynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Şonda N.Ýalkapow milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş eder. Bu ýaryş hem 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk tapgyrlarynyň biri bolar.

Daşkentde geçirilýän sambo boýunça yklym ýaryşynda erkekler toparynda bürünç medallaryň ýene-de ikisine türkmen toparynyň düzüminde çykyş edýän Niýazmyrat Şahmyradow (68 kilograma çenli) we Samwel Aýrapetýan (74 kilograma çenli) mynasyp boldular.

Biziň zenanlar ýygyndy toparymyz aýratyn tapawutlanyp, olar Türkmenistanyň sport üstünliklerini medallaryň 6-sy bilen artdyrdylar. Altyn medala 52 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlanmagy başaran halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa mynasyp boldy. Bu türkmen türgeni ozal hem ýeňişleriň ençemesini gazanyp, olaryň biri sambo boýunça 2012-nji ýylyň dünýä çempionatynda gazanylan altyn medaldyr.

Mälim bolşy ýaly, Gülbadam geçen ýylyň Bütindünýä uniwersiadasynda (Russiýa) guşakly göreş boýunça bäsleşikde hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy, şeýle hem 2012-nji ýylda Stambulda (Türkiýe) geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk Kubogynyň baş baýragyny gazandy. Indi, şol üstünlikler sambo boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medaly bilen artdy.

Biziň zenanlarymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde bürünç medallary 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýada gatnaşyjy Gülnar Haýytbaýewa (68 kg çenli) Madina Babakuliýewa (48 kg çenli), Hurma Abdyýewa (56 kg çenli) Wioletta Şumilowa (64 kg çenli) we Zuhra Madraimowa (60 kg çenli) gazandylar.

Sambo boýunça Aziýa çempionaty 27-nji iýunda tamamlanar. Şonuň üçin biziň türgenlerimiziň gazanan medallaryny ýene-de artdyrmaga mümkinçilikleri bar.

Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinden hem (Russiýa Federasiýasy) hoş habarlar gelip gowuşdy. Ol ýerde hem türkmenistanlylar agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda üstünlik gazandylar.

Toparlaryň ikisinde (oglanlar we gyzlar) medallaryň 15 toplumy ugrunda geçirilýän bäsleşiklere dünýäniň 53 ýurdundan türgenleriň 350-ä golaýy gatnaşýar. Şeýle uly bäsleşigi nazara alanyňda türkmen türgeni Daýanç Aşirowyň üstünligi uly täsir galdyrýar. Biziň watandaşymyz 77 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazandy.

Şu günler agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynyň sylaglary ugrunda bäsleşige Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň beýleki wekilleri hem goşular. Ýaryşlar 28-nji iýuna çenli dowam eder.