Ï Sport syny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport syny

view-icon 1068
Geçen dynç günleri paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Ol biziň türgenlerimizi, tälimçilerimizi we eminlerimizi şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek spotuň şu görnüşi boýunça 12-nji dünýä çempionatyna taýýarlyk görmeginiň esasy tapgyrlarynyň birine öwrüler. Şol günler paýtagtymyzda şeýle hem woleýbol boýunça “altylaryň finaly” atly milli ýaryş we kabaddi toparlaýyn oýuny boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde öň habar berlişi ýaly, guşakly göreş boýunça ýaryşyň öňýanynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Olimpiýa rezerwi mekdebinde Russiýadan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan gelen ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda eminleriň iki günlük okuw maslahaty geçirildi.

Daşary ýurtly hünärmenler--Guşakly göreşiň halkara federasiýasynyň prezidenti Ruslan Mahmudow, bu guramanyň baş sekretary Wenera Gaýnullina, şeýle hem halkara derejeli eminler Waleriý Fufaçew, Askarali Koçkonow we Şowkat Zaripow paýtagtymyz Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen türkmen tälimçilerini we esasy türgenleri halkara derejeli bäsleşiklerde emin toparlarynyň iş tejribesi, şeýle hem sportuň bu görnüşi boýunça düzgünlere girizilen täzelikler bilen tanyşdyrdylar.


Türkmenistanyň açyk çempionatynyň barşynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar alan bilimlerini tejribede berkitdiler, has tapawutlananlara bolsa Guşakly göreşiň halkara federasiýasynyň ýokary eminlik derejesini tassyklaýan sertifikatlar gowşuryldy.

Myhmanlar şeýle hem 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny kabul etjek Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryna baryp gördüler. Daşary ýurtly hünärmenler gurluşygyň gerimine haýran galyp, bu sport desgalarynda has ýokary derejeli ýaryşlary geçirip boljakdygyny bellediler.

Guşakly göreş boýunça türkmen milli ýygyndysyny öňde boljak dünýä çempionatyna taýýarlamak babatda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek, şol sanda daşary ýurtlarda hem geçirmek işleri öňde durýar.

Woleýbol boýunça “altylaryň finaly” atly milli ýaryş Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň çempionatynda birinji orundan altynjy oruna çenli ýerleri eýelän ýurdumyzyň iň gowy toparlary gatnaşýarlar.

“Altylaryň finaly” ýeňijileriň hataryna girip bilmedik toparlara öz ýeňijileri bilen jogap ýaryşyny geçirmäge mümkinçillik döredýär. Şu gezekki ýaryşlarda hem şonuň ýaly boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýurdumyzyň çempionatynda ökdeleriň bäşligine girip bilmedik “Binagär” topary milli ýaryşda wise-çempion bolup, kümüş medallary gazanmagy başardy. Hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna bolsa Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň topary çykdy, bürünç medala bolsa Döwlet serhet gullugynyň “Serhetçi” topary mynasyp boldy.

Şu tomus günleri türkmen woleýbolçylary şu ýylyň esasy ýaryşlaryna—nusgawy Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmeli. Şol oýunlar sentýabr aýynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriler. Milli ýygyny toparymyz halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ikisine gatnaşar. Olaryň birinjisi iýul aýynda Belarusda, ikinjisi bolsa awgustda Eýranda geçiriler.

Kabaddi boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda iki ýaş toparynda--ýetginjekleriň we ulularyň toparlarynyň arasynda bäsleşildi. Olara Balkan, Daşoguz, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden her toparda bäş komandadan gatnaşdylar. Deslapky bäsleşikler düzümine kabaddi toparlaýyn oýny girýän Türkmenistanyň söweş sungatlarynyň (hanmudo) federasiýasynyň sport zalynda, final bölegi bolsa “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi.

Aýgytlaýjy bäsleşik ýetginjekler toparynda has gyzykly bolup, onda Aşgabadyň we Marynyň toparlary duşuşdylar. Bäsdeşler güýji boýunça deň boldular, munuň şeýledigini jemlýeji hasap görkezdi: kabaddi boýunça milli ýaryşlary geçirmegiň tutuş taryhynda ilkinji gezek bäsleşigiň esasy wagty ýeňijini kesgitläp bilmedi—bäsdeşler deňme-deň oýnadylar. Bu ýagdaýda “altyn” utugyň düzgüni ulanylýar, ýagny oýun bäsdeşleriň biriniň ilkinji säwligine çenli dowam edýär. Şunda öz ussatlygyny altyn medallary gazanan aşgabatlylar görkezdiler.

Erkekler toparynyň final ýaryşynda paýtagtymyzyň toparlarynyň ikisi—Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyplar” we “Aşgabat” toparlary gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, talyplar toparynyň wekilleri milli ýygyndymyzyň esasyny düzýär. Şonuň üçin olaryň ynamly ýeňiş gazanjakdygyna hiç kim şübhelenmeýärdi. Garaşylyşy ýaly hem boldy—“Talyplar” birinji orny, “Aşgabat” bolsa ikinji orny eýelediler.

Balkan welaýatynyň “Bars” topary barada hem aýtmak gerek, ol milli sport arenasynda kabaddi boýunça ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşdy. Muňa garamazdan, balkanlylar ussatlygyny we gujur-gaýratlaryny görkezdiler hem-de ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Kabaddi boýunça nobatdaky milli bäsleşikler awgust aýynda geçiriler. Deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde kenar kabaddi boýunça Balkan welaýatynyň açyk çempionaty geçiriler, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden toparlar gatnaşar.