Aşgabatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýolbaşçylygynda “Sagdyn maşgala” sport bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Maşgala toparlarynyň altysy – sport bäsleşiginiň ýeňijileri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkezine ýollanma aldyalr.
2012-nji ýylda yglan edilen “Sagdyn maşgala” bäsleşigi sagdyn durmuş ýörelgesini ugur edinen maşgalalaryň arasynda iň meşhur hem-de söýgüli sport bäsleşigine öwrüldi. Bu bäsleşigiň şygary ýeňiş bolman, sporta işjeň gatnaşmakdyr. Özüne kakalary, eneleri, we çagalary çekmek bilen, bu bäsleşik maşgala gymmatlyklaryny, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýratmaga we wagyz etmäge gönükdirilendir.
Bir ýyla golaý wagtlap dowam eden sport bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ilki bilen öz etraplarynda, soňra welaýatda we Aşgabatda ýeňiş gazanan toparlaryň on ikisi gatnaşdy. Her bir welaýat we Aşgabat şäheri degişlilikde maşgala toparlarynyň ikisini bäsleşige çykardy.
Soňky tapgyra gatnaşyjylar we janköýerler haýsy maşgala sport maşgalasydygyny bilmek üçin paýtagtyň “Galkynyş” sport toplumyna ýygnandylar. Munuň üçin öz beden taýdan taýýarlygyňy, maşgalaň sazlaşygyny we jebisligini görkezmelidi.
Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Bäsleşigiň şertlerini wagtynda we anyk ýerine ýetirmek hasaba alyndy. Maşgala toparlaryna nähili synaglar garaşýardy? Ilki bilen ejeler we kakalar çagalary bilen bilelikde halkanyň içinden böküp geçdiler, soňra basketbolçylar ýaly topy oýnadylar hem-de basketbol halkasyndan topy geçirmäge çalyşdylar. Jemleýji tapgyrda bolsa ylgap päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň ähli tapgyrlary hem toparlardan ýeňilligi, çalasynlygy, sazlaşygy, erjelligi we jebisligi talap edýärdi. Çagalaryň uly ýaşlylara kömek beren ýerleriniň az bolmandygyny hem aýdyp geçmelidiris. Ejeler we kakalar bolsa şadyýan çagalyk döwürlerini kanagatlanma bilen ýatladylar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň joşgunlary barada aýdyp oturasy iş hem ýok. Bäsleşigiň dowamynda wakalar çalt hem-de duýdansyz üýtgäp durdy, maşgalalaryň haýsy biriniň sport bäsleşiginiň ýeňijisi boljakdygy hem näbelli boldy. Ýöne, hyjuwyň dartgynlylygy, bäsleşigiň ýagdaýy örän dostlukly ýagdaýda geçdi – maşgalalaryň ählisi biri-birini goldap durdy we biri-birine janköýerlik etdiler. Umuman, sport bäsleşikleri dostlukly maşgala baýramçylygyny ýatlatdy. Bu ýerde hem çagalara, hem ene-atalara ähli zat gyzykly boldy. Bu sport baýramçylyk dabarasyny paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň çagalar toparlarynyň çykyşlary has hem joşgunyny artdyrdy. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde sport baradaky aýdymlar ýaňlandy we tans sanlary görkezildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň ähli tapgyrlaryny hyjuwly we şadyýan ýagdaýda geçdiler, janköýerler bolsa sport bäsleşiginiň dartgynly pursatlaryndan ylham aldylar. Emin agzalary bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaryň altysyny ýeňiji diýlip yglan etdiler, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden bir topar ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar Arazowlaryň (Aşgabat ş.), Babaýewleriň (Ahal welaýaty), Tuwaklyýewleriň (Balkan welaýaty), Mazyýewleriň (Daşoguz welaýaty), Halnazarowlaryň (Lebap welaýaty), Durdykowlaryň (Mary welaýaty) maşgalalarydyr. Bu maşgalalaryň ählisi 25-nji iýunda Awaza dynç almaga ugradylar.
“Sagdyn maşgala” bäsleşigine gatnaşyjylaryň ussat türgenler däldigi bellärlikli ýagdaýdyr. Olar – mugallymlardyr, lukmanlardyr, telekeçilerdir, inženerlerdir, oba zähmetkeşleridir. Bu sport maşgalalarynyň sagdynlygynyň we bagtyýarlylygynyň syry bolsa – säher bilen öý ýagdaýynda ýönekeý sport maşyklaryny ýerine ýetirmekden, sagdyn iýmitlenmekden we saglyk üçin ýaramaz endiklerden daşda durmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik tamamlandy, ony guraýjylar bolsa eýýäm nobatdaky sport bäsleşigine badalga berdiler. Bu bolsa maşgala agzalarynyň ählisini sport bäsleşikleriniň umumy şatlygy bilen gurşap alar.