Şu gün Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Amyderýa şäherçesinde durmuş maksatly nobatdaky desgany — 365 orunlyk sport mekdebini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Täze bina derýanyň sag kenarynda, möhüm ähmiýetli gara we demir ýollarynyň golaýynda ýerleşýän hem-de çalt depginler bilen ösýän şäherçäniň binagärlik keşbiniň täze bezegi boldy.
Desganyň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyk çäresine öwrüldi. Göwnejaý bezelen täze binalaryň öňündäki meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy, ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny höwes bilen görkezdiler, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, belli türgenler ýaşlary bu şanly waka bilen gutladylar.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň çalt depginler bilen ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär, dürli maksatly häzirki zaman desgalary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa Watanymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň subutnamasydyr. Diňe soňky ýyllaryň içinde Lebap welaýatynda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze sport desgalarynyň onlarçasy bina edildi.
Täze sport merkezinde çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan ösmegi we sport ussatlygyny ýokarlandyrmagy, futbol, woleýbol, basketbol, gimnastika, boks, küşt, göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Sport zallary häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilipdir, durmuş hyzmaty jaýlary, lukmançylyk otagy we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Ussat tälimçiler ýaşlara sportuň inçe tilsimlerini ele almak üçin sapak bererler, olar üçin ýörite iş otaglary ýerleşdirilipdir. Sport mekdebinde merkezleşdirilen ýyladyş, sowadyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamy bar.
Mekdebiň ýanaşyk ýerinde futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol, gimnastika meýdançalary, tennis korty, ylgaw ýodajyklary bolan sport şäherjigi gurnalypdyr.
Täze sport mekdebi welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdiriýetiniň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň işgärleri tarapyndan bina edildi, olaryň has tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.