Ï Windsörfing boýunça dünýä çempionatynda öňdebaryjylar kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Windsörfing boýunça dünýä çempionatynda öňdebaryjylar kesgitlenildi

view-icon 844
>«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Ýelken» ýaht-klubunyň binýadynda windsörfing boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň üçünji tapgyry dowam edýär. Şu gün geçirilen nobatdaky bäsleşiklerde bu ýaryşyň ilkinji öňdebaryjylary mälim boldy, çempionata Argentinadan, Awstraliýadan, Awstriýadan, Çehiýadan, Daniýadan, Ispaniýadan, Estoniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ysraýyldan, Ýaponiýadan, Gollandiýadan, Polşadan, Portugaliýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, ABŞ-dan, Wenesueladan, şeýle hem Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar.

Biziň ýurdumyzda şunuň ýaly ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilýändigini ýatladýarys, daşary ýurtly türgenleriň, tälimçileriň we žurnalistleriň bellemeklerine görä, dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi we Türkmenistan üçin bu ilkinji tejribe üstünlikli boldy.


Biziň ýurdumyz üçin bu ýaryşlara hyzmat etmäge meýletinçileriň çagyrylmagy hem ilkinji tejribedir, olaryň sazlaşykly işlemegi, dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, halkara derejedäki iri ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmegine täsirini ýetirýär. Häzirki windsörfing boýunça dünýä çempionatyna meýletinçi kömekçileriň 100-den gowragy çekildi. Olaryň ählisi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr, daşary ýurtly myhmanlar bilen işleşmek olara uly tejribe toplamaga ýardam berýär we bu olaryň mundan beýläkki işlerinde oňat goldaw bolar.

Bu esasan-da, meýletinçileriň esasy bölegini düzýän Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna degişlidir. Sebäbi olaryň köpüsi ýakyn geljekde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge diňe bir kömek bermek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde hem çykyş eder. Şeýlelikde, Awazada geçirilýän häzirki dünýä çempionaty 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynyň merkezinde güýçli depginler bilen bina edilýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolup durýar.

Windsörferleriň erkekler düzümi 4 topara bölündi. Deňiz tolkunlary boýunça ýaryşlaryň barşynda her topardan iň gowy türgenleriň 6-sy saýlanyp alynýar, olar finala çykmak üçin ýaryşa gatnaşjak ýarym finalçylaryň 2 toparyny düzýärler.

Sportuň bu görnüşi boýunça ahyrky netijäniň diňe bir türgenleriň ussatlygyna däl-de, eýsem duýdansyz ýeliň ugrunyň üýtgemegi, garşylyklaýyn tolkunlaryň döremegi we şuňa meňzeşler ýaly tötänliklere hem baglydygyny bellemek gerek. Mysal üçin, ýaryşlaryň birinji tapgyrynda dünýäniň 40 gezek çempiony bolan hem-de açyk deňizde tizlik boýunça köp sanly rekordlary goýan germaniýaly türgen Bern Dankerbek, şeýle hem dünýä çempionatlarynyň ençemesiniň ýeňijisi, «Dünýäniň iň gowy windsörferi» diýen adyň eýesi fransuz türgeni Entoni Albo şowsuzlyga sezewar boldular.

Ýöne olar üçin entek mümkinçilikler bar. Windsörfing boýunça bäsleşikler (ýeliň ugruna baglylykda) 15 tapgyra çenli uzalyp biler we eýýäm ýaryşyň ikinji tapgyrynda hem ýagdaýyň düýpgöter üýtgemegi mümkindir. Şonda türgenler täzeden 4 topara bölünerler we bäsleşikler täze aýlaw boýunça başlanar.


Şeýle garaşylmadyk ýagdaýlar beýleki türgenlere hem öz ukyplaryny görkezmäge we ýeňşiň ýakymly täsirini duýmaga mümkinçilik berýär.

Türgenleriň her bir tapgyrda utuk gazanýandyklaryny, şunda näçe oňat netije görkezilse, utuk sanynyň azalýandygyny ýatladýarys. Ýaryşlar tamamlananda, onuň jemleri boýunça iň az utuk toplan türgen çempionatyň baş baýragyna mynasyp bolýar. Şeýle hem sportuň bu görnüşi boýunça geçirilýän ýaryşlaryň kadalarynda türgene öz gazanan utuklaryny azaltmaga we şunlukda, ýeňşe bolan mümkinçiligini ýokarlandyrýan ýeňillikler ulgamy bardyr.

Erkekler toparynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler ýaňy ýarym finala ýeten bolsa, olardan tapawutlylykda zenanlaryň arasyndaky bäsleşikleriň birinji aýlawy eýýäm tamamlandy. Ýaponiýaly türgen zenan Mio Anaýama iň oňat netije görkezdi. Ikinji orny ispan türgen zenany Mariýa Andres, üçünji orny bolsa fransiýaly türgen Waleri Argetti eýelediler, ýaryşlaryň birinji tapgyrynda zenan türgenleriň hatarynda iň meşhury bolan, slalom boýunça dünýäniň häzirki çempiony Fransiýadan Delfine Sousin dördünji orun bilen oňmaly boldy.

Windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň Awazada geçirilýän üçünji tapgyry dowam edýär we öňde gyzykly bäsleşikler garaşýar.

Şeýle hem windsörfing boýunça dünýä çempionaty bilen bir wagtda «Ýelken» ýaht-klubunyň sport meýdançalarynda ýurdumyzyň dürli pudak edaralarynyň türgenleriniň gatnaşmagynda şu gün sportuň kenarýaka görnüşleri — woleýbol we futbol boýunça ýaryşlara badalga berildi, 4-nji iýulda bolsa deňziň arassa çägeli kenarynda plastmas diskleri zyňmak boýunça toparlaýyn oýun bolan frizbi boýunça ýaryşlar badalga alar.